BILIM

Türkmenistanda ýene-de 2 sany bilim ojagy döredildi

Türkmenistan döwletimizde ylym-bilim ulgamynda täze bilim ojaklarynyň gurulmagy we açylmagy dowam edýär. Ýurdumyzda ýene-de 2 sany orta hünär okuw mekdebini döretmek göz öňünde tutuldy.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi döredildi.

Bu bilim ojaklary 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.

Bilşiňiz ýaly, ýurdumyzda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdepleri Türkmenistanyň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary we orta mekdepleri üçin hünärmenleri taýýarlaýan esasy bilim ojaklarydyr. Şeýle mugallymçylyk mekdepleri Aşgabat şäherinde Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Daşoguzdaky Beki Seýtäko adyndaky mugallymçylyk mekdebi, şeýle hem Mary welaýatynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi hereket edýär.

Lukmançylyk ugry boýunça hem orta hünär okuw mekdepleriniň birnäçesi hereket edýär.

Ýene-de okaň

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri