JEMGYÝET

Türkmenistanda Hasyl toýy bellendi

Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde ýurdymyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjy alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Düýn ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal, döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnalyp alyndy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet buýurmasyny üstünlikli berjaý edip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar, olar 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Hasyl baýramynyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary “ak altyn” ýygnamak boýunça, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary boýunça şaly ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar