BIZNES

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

Şu gün ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçiren mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine şu gün — 23-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Soňra mehanizatorlar işe gerişdiler. Möwsüme çenli ähli welaýatlarda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri taýýarlandy. Şolaryň hatarynda «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «149 F», «Gubadag — 3», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S — 2606», «Aşgabat — 140» ýaly tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlere aýratyn ähmiýet berildi.

Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14» görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler. Şu ýyl Ahal welaýatynda 365 müň tonna, Balkan welaýatynda 10 müň tonna, Lebap welaýatynda 320 müň tonna, Mary welaýatynda 280 müň tonna pagta hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň, ekiş gurallarynyň, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň müňlerçesinden peýdalanylar. Etraplarda düzüminde mehanik-abatlaýjylar hem-de sazlaýjylar bolan ýörite toparlar döredildi. Olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi. Tehnikalara gije-gündizleýin hyzmaty ýola goýmak, mehanizatorlaryň we ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin hem zerur şertler döredildi.

 

Hindistandan Türkmenistana prezident derejesinde ilkinji sapar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy