BILIM

Türkmenistanda ABŞ-nyň uniwersitetleriniň şahamçalaryny açmak maslahatlaşyldy

ABŞ-da iş saparynda bolan türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim hyzmatdaşlygyna bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň bilim we diplomatik edaralarynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy baradaky müdirligiň direktorynyň orunbasary Tämi Palçikow, Bütindünýä bilim maksatnamalary müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jeými Şarp, ABŞ-nyň Bilim departamentiniň halkara işler müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jennifer Hong, Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça akademiki alyş-çalyş programmalary müdirligiň wagtlaýyn ýolbaşçysy Karin Keiting we beýleki Döwlet departamentiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B. Mätlýýew gatnaşdylar.

Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikleri ýokary derejede bahalandyryp, Amerikaly wekiller bilim maksatnamalary bolan Fulbright, Study in USA, IVLP arkaly hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini teklip etdiler.

Duşuşygyň dowamynda ABŞ-da bilim almak mümkinçiligini döredýän “Study in USA” we “Fulbright” ýaly täze alyş-çalyş programmalarynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň esasy möhüm meselesi Türkmenistanda Amerikanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak boldy. Şeýle ädim ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirip,  Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň ösmegine uly goşant goşar, talyplara öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryna we usullaryna elýeterliligi döreder.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty