BILIM

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň ýapon böleginiň ýolbaşçysy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinomanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk oňyn ýola goýlandyr. Ýokary okuw mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen, taraplar mundan beýläk-de bilelikdäki duşuşyklara we okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşmak babatynda ylalaşdylar.

Related posts

Innowasiýa maglumat merkezi Türkmenistanyň bilim edaralaryny sanlylaşdyrmak işini alyp barýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Açyk gapylar: Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty

Leave a Comment