DÜNÝÄ

Türkmenistan “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly foruma gatnaşdy

Daşkent şäherinde “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi, “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan guralan çäre Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy.

Forumuň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezow öz çykyşynda Türkmenistanyň çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň hukuklaryny üpjün etmäge hem-de ösüp gelýän ýaş nesiller üçin howpsuz we abadan jemgyýeti döretmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigi bellenilip geçildi, hususan-da, ÝUNISEF bilen gatnaşyklaryň çäklerinde gazanylan üstünliklere üns çekildi.

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tejribe alyşdylar, çagalara gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini, şeýle hem bu ugurdaky sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Sloweniýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Merkezi Aziýanyň ilçileri bilen duşuşdy