JEMGYÝET

Türkmenistan — BMG: täze ylalaşyklar gazanyldy

Paýtagtymyzda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki täze taslamalaryna badalga berdi.

Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyldy hem-de ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ählumumy meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygynyň üstünlige beslenýändigini görkezdi.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde, Türkmenistan adam ösüşiniň ýokary derejesini görkezýär. Durmuşa geçirilýän giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň ählisi hem-de amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilendir.

Taslamalary durmuşa geçirmäge ykdysady diwersifikasiýa, dolandyryş we durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamanyň çäklerinde badalga berildi.

Gol çekilen taslamalaryň sanawynda: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMGÖM-niň arasynda “Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin meýdança” atly Taslama resminamasynyň 2-nji tapgyry; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we BMGÖM-niň arasynda “Telekeçiligi goldamak we bank ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak”;

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda BMGÖM-niň “2021 — 2022-nji ýyllar üçin Aziýada zorlukly ekstremizme durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia)” ýaly resminamalar we beýlekiler bar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Jorj Waşington uniwersitetinde türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi

Azerbaýjan, Özbegistan we “BP” kompaniýasy Özbegistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirer

Türkmenistanyň kompaniýalary «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasyna gatnaşýar

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär