JEMGYÝET

Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda “D” toparçada çykyş eder

Şu gün, 9-njy dekabrda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň edara binasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparlary bilen duşuşar.

Bije çekişligiň netijesinde ýygyndylaryň dördüsinden ybarat bolan toparçalaryň 6-sy düzüldi.

2027-nji ýylda Saud Arabystanyda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda toparçalaryň ýeňijileri çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

 

Bije çekişligiň netijeleri:

«А» toparça: Täjigistan, Filippinler, Maldiw adalary, Gündogar Timor

«В» toparça: Liwan, Ýemen, Butan, Bruneý

 «С» toparça: Hindistan, Hytaý Gonkongy, Singapur, Bangladeş

«D» toparça: Tailand, TÜRKMENISTAN, Hytaý Taýbeýi, Şri-Lanka

«E» toparça: Siriýa, Owganystan, Mýanma, Pakistan

«F» toparça: Wýetnam, Malaýziýa, Nepal, Laos

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady