DÜNÝÄ

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görülýär

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan metbugat ýygnagynda Türkmenistan-Azerbaýjan Respublikasy-Türkiýe Respublikasy döwlet Baştutanlary derejesindäki üçtaraplaýyn sammiti barada sowal bilen ýüzlenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bu sammite taýýarlyk görülýändigini belläp, Türkmenistanyň bu sammiti geçirmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem bu sammitiň geçirilmegi babatda hem türkmen hem-de türk we azerbaýjan taraplary arasynda yzygiderli gepleşikleriň geçirilýändigi bellenildi.

Şeýle hem Wepa Hajiýew ýakyn wagtda ýene-de birnäçe gepleşikler tapgyrynyň geçiriljekdigini we golaý wagtda bu babatda täze maglumatlaryň ýetiriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanyň bu sammiti kabul ediji döwlet bolup çykyş edýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymy bilen bolan interwýusynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň çemeleşmeleriniň Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňzi sebitleriniň ösmegine oňyn täsir edýändigini, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Gündogar — Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag we energetika köprüsiniň emele gelmeginde öňdebaryjy orun eýeleýändigini belläpdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu duşuşygyň üç doganlyk döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda aýdyň sahypa bolup, hyzmatdaşlygy kämilleşdirjekdigini we baýlaşdyrjakdygy, onuň täze ugurlaryny açjakdygyny mälim edipdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki metbugat ýygnagyna onlaýn tertipde dünýäniň ençeme ýurdundan 40-dan gowrak habarçy hem gatnaşandygyny bellemek gerek.

 

 

Iňňeden gorkýanlar üçin “Covid-19” sanjymy

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy