JEMGYÝET

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satuwyna başlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satmak işini täzeden ýola goýdy. Bu barada “orient.tm” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda “Halkara gatnawlar” bölümi peýda boldy. Şu ýerden bilet satyn alyp, tölegini bank kartlary arkaly türkmen manadynda tölemek bolar

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy BAE, Germaniýa, Türkiýe we Russiýa ugurlary boýunça halkara gatnawlary amala aşyrýar.

Şu ugurdaky halkara gatnawlaryň biletleriň bahasy:

– Aşgabat-Dubaý – 5785 manat,
– Aşgabat-Frankfurt – 8225 manat,
– Aşgabat-Stambul – 6825 manat,
– Aşgabat-Moskwa – 6860 manat,
– Aşgabat-Kazan – 6835 manat.

Şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky wekilhanasynyň internet saýty arkaly hem biletleri satyn almak bolar. Tölegler rus rublynda kabul edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri