BIZNES

“Türkmennebit” bilen “Dragon Oil” 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

Türkmenistanda Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek üçin “Türkmennebit” döwlet konserni bilen BAE-niň “Dragon Oil Turkmenistan LTD” kompaniýasynyň arasynda täze şertnama gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek barada “Dragon Oil” kompaniýasy bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýyla çenli uzaltmak boýunça 4-nji goşmaça gol çekilmegi ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmekde täze işleriň birine badalgadyr.

Dragon Oil” kompaniýasy 2025-2035-nji ýyllar aralygynda uly möçberde maýa goýum goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem goşmaça çig nebitiň çykarylmagyna garaşylýar.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bu ylalaşyga ýokar baha berdi. Ol Türkmenistan bilen ýene-de bir uly şertnamany baglaşandyklaryny, uzamöhletleýin ylalaşyk ýokary netijeler gazanmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy maýa goýumlaryny goýmak bilen täze tehnologiýalar boýunça işlemegi meýilleşdirýändiklerini aýdyp, hyzmatdaşlyk netijesinde nebitiň çykarylyşy ep-esli ýokarlanjakdygyny mälim etdi.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň esasy işi Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamakda ýöriteleşen. Kompaniýa 2000-nji ýylyň maý aýyndan bäri iş alyp barýar. Geçen döwürde operatoryň maýa goýumlary ABŞ-nyň 8 mlrd dollaryndan gowrak boldy.

Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk 25 ýyllyk möhlet bilen baglaşylyp, 2025-nji ýylyň maý aýynda tamamlanýar.

 

Türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler