MEDENIÝET

Türkmen ylmy işgärleriniň ABŞ-a sapary

Ýakynda Dil, edebiýat we milli golýazmalar Institutynyň ylmy işgärleri Amerikan-Türkmen Alymlar Alyş-çalyş Maksatnamasynyň çäginde ABŞ-dan dolandylar. Bu maksatnama “Merrion & Smith” we ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bu alyş-çalyş maksatnamasy türkmen ylmy işgärlerine Kongres kitaphanasynda, Garwardyň “Houghton” kitaphanasynda, Ýeýl uniwersitetiniň “Beinecke” seýrek kitaplar we golýazmalar kitaphanasynda we Nýu-Ýorkuň Jemgyýetçilik kitaphanasynda ylmy gözleg geçirmäge mümkinçilik berdi.
Şeýle hem olar Ýeýl Uniwersitetiniň Türki ylymlary öwrenýän talyplaryna we mugallymlaryna çykyş etdiler. Bu sapar 18-nji asyrdan 20-nji asyryň başlaryna çenli türkmen golýazmalaryny gorap saklamagy maksat edinýän Döwlet Departamentiniň taslamasy arkaly amala aşyryldy.

Related posts

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Ekranlaryň gahrymany aradan çykdy

“Wah, siz aýallar!”:täze spektakl görkezildi