TEHNOLOGIÝA

Türkmen Startuplaryň bäsleşigi yglan edildi

Türkmen startuplaryň arasynda bäsleşik yglan edildi. Ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridik şahslary özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen bu bäsleşige gatnaşyp bilerler.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçiliklerini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.

 Bäsleşigiň ugurlary:

— saglygy goraýyş;

— ylym we bilim;

— senagat;

— ulag we kommunikasiýa;

— hyzmatlar ulgamy;

— orta we kiçi telekeçilik;

— «akylly şäher».

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridik şahslary özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti — 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry. Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2020» atly halkara serginiň geçirilýän günleri jemlener. Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilersi­ňiz. Ha­bar­laş­mak üçin telefon belgileri:

(+99312) 98-12-12, 98-13-13

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi