DÜNÝÄ

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi diýlip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda aýdylýar.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi barada bellediler. Soňra Hindistan Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Diplomatlar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar barada aýratyn pikir alşyldy. Ýola goýlan önjeýli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar saglygy goraýyş, bilim, energetika we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar döwletara TOPH gazgeçirijisiniň ähmiýeti barada nygtadylar.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde hem işjeňleşdirmekde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň orny barada belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy