SIZDEN GELENLER

Türkmen milli şaý-sepleri

Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp şaý-sepleri ýasamagy başarypdyrlar.

Taryhy çeşmelere görä, bir türkmen aýalynyň dakynýan şaý-sepi azyndan 7-10 kilogramdan 36 kilograma çenli bolupdyr. Türkmen aýal-gyzlarynyň dakynýan şaý-sepleri gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýandyr. Marydan, Köneürgençden, Namazgadepeden, Nusaýdan tapylan aýal heýkelleri, olaryň dakynýan monjuklary, gulak halkalary, şaý-sepleri muňa şaýatlyk edýär.

Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty diňe hünär bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş zerurlygydyr, onuň öz pelsepesi we dünýägaraýşy, çeperçilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri bardyr.  Kämil ussanyň elinden çykan şaý-sep ýurdumyzyň çetki bazarlarynda satylsa-da, onuň haýsy ussanyň ýasandygyny bilipdirler.

Meşhur türkmen şahyrlarymyzyň arasynda zergärleriň bolmagy hem tötänden däldir, olar bu kär bilen gün-güzeranyny aýlap, özlerini tutuşlygyna bu sungata hyzmat etmäge bagyşlapdyrlar.

Uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen zergärleriniň biri biziň milli şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Magtymgulynyň döwürdeşi, ajaýyp şahyr we serkerde Magrupy hem ussat zergär bolupdyr.

Ussat senetçilerimiziň sünnäläp ýasan ajaýyp eserleriniň içinde gyz-gelinleriň dakynýan şaý-sepleri dürli-dürliligi bilen tapawutlanypdyr. Olar kümüşden ýasalan, ýüzüne altyn çaýylan bilezikdir kökenli ýüzükler, gulaga dakylýan halkadyr monjuklar, gyz tahýalaryna dakylýan gupbalar, gülýakalar, apbasylar, çapraz-çaňňalar, bukawlar, heýkeller, tumarlar, maňlaýlyklar we ş.m.

Zergärler öz sungatynyň üsti bilen özleriniň gelin-gyzlaryny boýdan-başa bezäpdirler. Şaý-sepleri dakynmak ýeňil bolmandyr. Durşuna owaz bolup duran şaý-sepler gaty usullylygy, ykjamlygy, asyllylygy talap edipdir. Sähelçe artykmaç hereket edilende olar her bir adamyň ünsüni özüne çekipdir. Şonuň üçin türkmen gyzlarynyň oturyp-turuşlary, özlerini alyp baryşlary asyllylyga we edeplilige ýugrulandyr.

Çapraz-çaňňa durmuşa çykjak gyzlaryň, ýaş gelinleriň çabydynyň iki ýan ýakasyna tutulýan çaprazdyr çaňňanyň umumy ady.

Şeýle-de, zenanlaryň döşüni bezeýän hem-de owaz çykarýan şaý-sepleriň biri-de bukawdyr. Bukaw gyzlaryň, ýaş gelinleriň aýratyn dabaraly halatlarda boýnuna we döşe dakynýan şaý-sepleridir. Bukawyň gyralary kertilen deşikler we hakyk daşynyň köp sanlysy bilen bezelip, aşaky erňeginde kümüş şelpeler we jaňjagazlar dakylandyr. Bukaw iki hili bolýar. Olaryň biri bokurdaga geýdirilýän egme şekillidir, beýlekisi bolsa ala ýüp bilen tumar şekilli öň tarapyndan dakylýar. Içine doga salynýan bukaw gündiz dakynylyp, gije aýrylyp goýulýan şaýdyr.

Zenanlaryň görküne görk goşýan şaý-sepleriň biri hem kellesine geýýän börügidir. Ýokarsy giňelip, gyzyl mata bilen örtülen börügiň ýüzi uzyn kebelek şekilli bäş, alty ýa-da dokuz sany kerpiç-kerpiç böleklerden ybaratdyr. Onuň ýüzi hakyk gaşy bilen bezelen şelpesiz maňlaýlyk bilen örtülýär. Zenanlaryň börügine dakylýan şaý-sepleriň hem aýratynlygy bolupdyr.

Şelpeli maňlaýlyklary ýaş gelinler, şelpesiz maňlaýlyklary bolsa ýaşy kyrkdan geçen zenanlar dakynypdyr.

GADYMY GÜLÝAKA

Owaldan gözel ýaradylan adamzat mydama ajaýyp gözelligiň teşnesidir. Gözellik kalba ornaşanda dünýä bolan garaýyş gülleýär we döredijilik hyjuwy möwç alýar. Zergäriň ylham-joşguny, yhlasy siňen şaý-sepler gözellige bendiwan ýürekleriň sungatydyr. Türkmen şaý-sepleri türkmen halkynyň kalbynyň keşbidir, gözelligidir.

Türkmen halky örän synçy halk. Olar özüniň daş-töweregini gurşap alýan tebigaty, janly-jandarlary synlap, özlerinde täsir galdyran täsinlikleriň belli bir şeklini şaý-sepleriň, egin-eşikleriň, halynyň, keramiki gap-gaçlaryň nagyşlaryna hem siňdiripdirler. Ol nagyşlar türkmen köňlüniň nagyşlarydyr.

Ine, inçeden sünnälenip ýasalan türkmen gülýakasy hem muňa şaýat. Ol goşa tegelek görnüşinde bir bütewi edilip ýasalýar. Gülýaka syn edeniňde, Günüň möhür görnüşli şeklini – halkany görýärsiň. Ol aýlanyp duran ýaly täsir galdyrýar. Gülýakanyň merkezindäki uly gyzyl gaş we onuň daşyndaky pöwrize daşy inçeden ýognalýar, Günüň nurynyň şeklini alamatlandyrýan gyzyl plastinalar ortadaky halkany tamamlaýar. Gyzyl plastinanyň ýüzünde guşuň hem-de ösümligiň güberçek şeklinde zikgelenmegi Günüň ýaşaýşyň gözbaşydygyny alamatlandyrýar. Içki halkanyň gyralarynda gyzyl hem ýaşyl gaşlary gezekleşdirip ýerleşdirilýär, gaş öýleriniň daşyna aýlaw şekli birigýär. Onda dagyň şekli, şeýle hem ýaz paslynda al-elwan güllere bürenen gojaman daglarymyzyň şekli berilýär. Gülýakany jemleýän uly halkasynyň gyrasynyň tolkun görnüşinde edilmegi we pöwrize daşlary bilen bezelmegi Günüň şöhlesiniň nury ilki daglara, soňra deňize düşýändigini aňladýar. Onuň merkezi halkasynyň güberçek bolmagy hem şol Günüň nurynyň ýokardan aşaklygyna gaýdyp, dünýädäki ähli gözellikleriň, ýaşaýşyň gözbaşyny döredýändiginiň çeper keşbidir.

Gülýakanyň Güne meňzedilip ýasalmagy gadymy pederlerimiziň ynançlary bilen hem baglanyşyklydyr. Pederlerimiz ömrüň manysy hasaplaýan gözel gyz-gelinleriniň döşünde sygynýan mukaddesliginiň – Günüň şeklini lowurdadyp dakypdyrlar. Ýeri gelende aýtsak, “tahýa” diýip atlandyrylýan milli başgabymyz hem pderelerimiziň ynançlary bilen baglanyşyklydyr. “Tahýa”, “takga” sözleri “Tak” – “Gün” söz kökündendir. Hut şonuň üçin tahýa, takga Güne meňzeşdir. Bu türkmenleriň öz mukaddesligini – Güni depelerine täç edinip göterýändigini alamatlandyrýar. Zergärçilikde tyllaýy, kümüş, gyzyl reňkler köp ulanylýar. Munuň sebäbi tyllaýy we kümüş reňleriň Asmany – Güni, Aýy, gyzyl reňkiň bolsa topragy, Ýeri aňladýanlygyndadyr. Bu düşünjeler biziň aňymyza berk ornaşypdyr.

Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan zergärçilik sungatymyzyň önümleri öz goja ýaşyna garamazdan, biziň häzirki döwrümiziň hem gözellige teşne kalplary heýjana getirýär.

 

Humaý Çaryýewa Türkmen oba hojalyk

institutynyň mugallymy

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika