SIZDEN GELENLER

Türkmen garpyzlary — bakjamyzyň baş nygmaty

Garpyz has irki döwürlerden bäri halk tebipçiliginde saglygy berkitmek, kesel bejermek maksady bilen ulanylyp gelnipdir. Onuň watany Afrika hasaplanylýar. Ol ýerde gar­pyz ýabany ösüpdir. Ýewropa ýurtlaryna, şol sanda Russiýa hem garpyz Merkezi Aziýadan, äkidilipdir. Dünýäde onuň ýüzlerçe görnüşi duş gelýär. Güneşli  watanymyz Türkmenistanda birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmen garpyzlary tagamy, görnüşleri babatda has meşhurdyr.

Lukmançylyk ylmy tarapyndan hem garpyzyň saglyga täsiri öwrenilendir. Onuň düzüminde bedende ýeňil özleşýän uglewodlar, С, PP we В ýokumlary, magniý, kaliý, demir ýaly adama zerur bolan maddalar bar. Ýürek-gan damar kesellilere, böwrek agyrysyndan ejir çekýänlere garpyzy köpräk iýmek maslahat berilýär. Onuň buşukdyryjy täsiri bardyr. Şoňa görä-de, garpyz iýmek böwrek kesellilere-de peýdalydyr. Garpyz bedenden suwuklyklary bölüp çykarmak bilen, bagyr üçin hem aňsat özleşdirilýän önümdir.

Garpyz kletçatkasy içegelerdäki ýaramly mikroorganizmleriň işjeňligini artdyrýar we iýmit siňdirişi gowulandyrýar, bedendäki holesteriniň bölünip çykmagyna kömek edýär. Türkmen bakjasynyň bu önümi ganazlykda, öthaltada, peşew ýollarynda daş emele gelende hem kesel bejermek üçin haýyrlydyr. Garpyz tomusda, güýzde suwsuzlygyňy gandyrmaga-da ýardam edýär. Semizlikden kösenýänler, başga-da käbir keselliler üçin garpyz berhizlik önüm hökmünde-de haýyrlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda hem garpyzyň lukmançylykda ulanylyşy, onuň ähmiýeti hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.

 

Bahadur Çaryýew, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty