DÜNÝÄ

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň hukuk we halkara meseleler boýunça orunbasary Kazem Garib-Abadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar türkmen-eýran gün tertibindäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini tassykladylar.

Söhbetdeşler söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, hususan-da, energetika we ulag pudagynyň ösüşine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-týran ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar halkara we sebit guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.

Related posts

Putin, Trump ve Macron’dan Türkmenistan’a kutlama

vepa

Özbegistanyň Prezidenti Türkiýede saparda boldy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder