JEMGYÝET

Türkiýede prezident we parlament saýlawy

Şu gün Türkiýe Respublikasynda prezident we parlament deputatlarynyň 28-nji çagyryşynyň saýlawlary geçirildi. Millionlarça saýlawçy ýurduň çäginde döredilen 191 müňden gowrak saýlaw uçastogynda ses berdiler.

Saýlawlarda ses berişlik Türkiýäniň sagady bilen 08:00-da başlady we 17:00-da tamamlandy. Häzirki wagtda sesleriň sanalmagy dowam edýär.

Sesleriň sanalmagynyň netijesinde Türkiýäniň 13-nji Prezident mälim ediler.

Mälim bolşy ýaly, bu saýlawlar üçin Türkiýäniň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda hem saýlaw uçastoklary döredildi. Türkmenistandaky Türkiýäniň ilçihanasynda maý aýynyň 6-7-si aralygynda ses bermek işi ýola goýuldy.

Related posts

Türkmenistanda biometrik pasportlary resmileşdirmek üçin täze nokatlar açyldy

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işleri metbugatda giňden wagyz ediler

RoboRAVE 2017 innowasion robot işleri boýunça ýaryş geçirildi

vepa

Leave a Comment