DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Türkiýe Respublikasynda we ýurduň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli dabaralar guraldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem bu babatda dabara gurnady. Paýtagtymyz Aşgabatdaky türk medeniýet merkezinde geçirilen dabara Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň Ahmet Demirok, ilçihananyň işgärleri we Aşgabatdaky türk raýatlary gatnaşdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok dabarada eden çykyşynda 8 ýyl mundan ozal Türkiýe Respublikasynda bolup geçen gynandyryjy wakalar barada durup geçip, bu çärede şol wakalarda gurban bolanlary ýatlaýandyklaryny belledi.

Şeýle hem ol 100 ýyl mundan ozal, Gazi Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň döredilendigini we Ataturk tarapyndan türk halkyna hökümetde öz erkini ulanyp biljek demokratiýanyň esaslandyrylandygyny belledi.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi 15-nji iýulda aýgytly göreşi bilen respublikanyň 100 ýyllyk üstünliklerini gorap saklan şehitleriň we gahryman weteranlaryň Türkiýäniň indiki asyrynyň girewi bolup durýandygyny belledi.

Türkiýäniň ilçisiniň çykyşyndan soňra gurban bolanlary hatyralap doga-dileg edildi.

Soňra myhmanlar 15-nji iýuldaky wakalar mynasybetli guralan surat sergisini aýlanyp gördüler.

Related posts

Yeni Fakülte için uluslararası ihaleye çıkılacak

vepa

Suw hojalygy boýunça döwletara komissiýasynyň mejlisi geçirildi

Dünýäni gyzyklandyrýan saýlaw:  wagtyndan öň ses bermekde rekord

Ata Watan Eserleri