DÜNÝÄ

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

“Atawatan Media” topary ABŞ-nyň San-Fransisko şäherinde dünýä belli “SailGP” halkara  ýelkenli sport boýunça halkara bäsleşikleriniň bir tapgyryna tomaşa etmek mümkinçiligine eýe boldy.

“SailGP” –  ýelkenli sport boýunça halkara bäsleşikleri 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ýaryşlarda ýelkenli sport ugry boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar. Sport ýaryşy dünýäniň esasy iri şäherlerinde geçirilip, ýelkenli sport janköýerlerini özüne çekýär.

“SailGP” halkara ýaryşynyň möwsümdäki 4-nji tapgyrynda Ispaniýanyň topary ýeňiji boldy. Şeýlelikde, ispan topary ilkinji gezek Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň toparlaryndan üstün gelmegi başardy.

Umuman, 14-15-nji iýul Ispan toparlary üçin şowly günleriň biri boldy. 14-nji iýuldan 15-nji iýula geçilen gije Ispaniýanyň milli ýygyndysy Angliýany utup, 4-nji gezek futbol boýunça Ýewropanyň çempiony boldy.

Şeýle hem 14-nji iýulda tennis boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň Uimbledon tapgyry tamamlandy. Erkekleriň arasynda geçirilen bu ýaryşda ispan tennisçi Karlos Alkaraz ýeňiji boldy.

San-Fransisko şäheriniň aýlag kenarynda geçirilen ýelkenli sport ýaryşynda hem Ispaniýa bu ýaryşlaryň iň güýçli ýygyndylary bolan Awstraliýa we Täze Zelandiýany ýeňip, 4-nji möwsümiň çempiony boldy.

Ine, şeýle iri halkara ýaryşyň tomaşaçylarynyň hatarynda “Atawatan Media” topary hem boldy. Media toparymyz bu ýaryşyň geçýän pursatlaryny ýazgy etdi we ony biziň elektron hem-de jemgyýetçilik torlarymyzdaky platformalardan tomaşa etmek bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi