BIZNES

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi ýokarlandy

Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk girdejileri ýylyň ilkinji 6 aýynda 27 göterim ýokarlap, 21,7 milliard dollara ýetdi. Şol döwürde Türkiýä gelen jahankeşdeleriň sany 23 milliona golaýlady. Bu barada medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý habar berdi.

Ministriň bellemegine görä, syýahatçylyk pudagynyň girdejileri ýylyň ilkinji alty aýynda 27 göterim ýokarlap, 21,7 milliard dollar barabar boldy. Hasabat döwründe jahankeşdeleriň sany 17,5 göterim artyp, 22 million 945 müňe ýetdi.

Türkiýäniň ministriniň hasabatyna görä, adam başyna girdeji 62 dollara çenli azalypdy. Ýöne soňky döwürde bu görkeziji 100 dollara çenli ýokarlandy.

Türkiýe Respublikasyna 2022-nji ýylda 45 milliondan gowrak jahankeşde geldi. Ýurduň girdejisi bolsa 46 milliard dollardan gowrak bolupdy.

Related posts

Türkmenistanda hususylaşdyrmagyň nobatdaky tapgyry

Hytaýyň kompaniýasy Türkmenistanda tebigy gaz tenderiniň ýeňijisi

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: türk işewürleri polipropilen aldy

Leave a Comment