JEMGYÝET

Türk kompaniýalary Türkmenistanda 4,4 milliard dollar möçberinde 21 taslamany durmuşa geçirýärler

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok Aşgabat şäherinde daşary ýurtlaryň ýurdumyzda akkreditirlenen habarçylarynyň hem-de ýerli internet neşirleriniň habarçylarynyň gatnaşmagynda metbugat duşuşygyny geçirdi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Türkiýäniň ilçisi bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada durup geçip, hususan-da, türk kompaniýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard dollardan gowrak dürli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini belledi. Bu taslamalaryň hatarynda elektrik beketleri, dürli önümçilik desgalary, ulag düzüminiň taslamalarynyň bardygyny mälim eden ilçi Ahmet Demirok şeýle iri taslamalaryň türk kompaniýalaryna berilmegine olara berilýän ynamyň netijesidigini aýtdy.

Ilçi Ahmet Demirok 2023-nji ýylyň netijeli ýyl bolandygyny belläp, geçen ýyl türk kompaniýalaryna ynanylan taslamalaryň bahasynyň 3,2 milliard dollara deň bolandygyny aýtdy.

  • Häzirki wagtda ozalky taslamalar hem göz öňünde tutulanda, türk kompaniýalary tarapyndan umumy bahasy 4,4 milliard dollar möçberinde 21 taslamanyň gurluşygy alnyp barylýar. Öňümizdäki döwürde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda, şeýle hem “Aşgabat-siti” ýaly uyl göwrümli taslamalarda türk kompaniýalaryň hem gatnaşmagyny arzuw edýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»