SPORT

Türk futbolçylary Ýewropa çempionatyna Türkiýede we Germaniýada taýýarlanar

Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan Türkiýäniň futbol ýygyndysynyň taýýarlyk döwrüniň rejenamasy şu gün ― 20-nji aprelde belli boldy.

Türkiýäniň Futbol federasiýasyndan berlen maglumata görä, milli ýygyndy 11-nji iýun ― 11-nji iýul aralygynda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň taýýarlygy üçin 17-nji maýda ýygnanyp, Antalýadaky «Regnum Carya» myhmanhanasynda ýerleşer.

Türk futbolçylary 27-nji maýda «Alanýa Oba» stadionynda Azerbaýjanyň, 31-nji maýda «Antalýa» stadionynda Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler.

2-nji iýunda Germaniýanyp Harsewinkel etrapçasyndaky «Klosterpforte» myhmanhanasyna ýerleşip, okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny bu ýerde dowam etdirjek Türkiýäniň ýygyndysy 3-nji iýunda Moldowanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Türkiýeli futbolçylar 10-njy iýunda Rim şäherine barar. Mälim bolşy ýaly, bir ýyl soňa süýşürilen Ýewro ― 2020-niň açylyş duşuşygy Italiýanyň we Türkiýäniň milli ýygyndylarynyň arasynda bolar.

 

Türkmen pomidorlary Wenanyň bazarynda

 

 

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi