BILIM

“TROPIMUNDO” talyp haky maksatnamasy üçin kabul edişlik

“TROPIMUNDO” talyp haky maksatnamasy üçin kabul edişlik başlandy, anketalary tabşyrmagyň ahyrky möhleti -2024-nji ýylyň 30-njy noýabry.

“TROPIMUNDO” – bu Ýewropa Komissiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Erasmus Mundus” bilelikdäki magistr maksatnamasy bolup, ol tropiki tokaýlarda we agaçlyk ýerlerde, şeýle hem kenarýaka ekosistemalarynda (meselem, mangrow tokaýlarynda we merjen gaýalarynda) köp ýyllyk halkara tejribesi bolan Ýokary okuw jaýlaryny birleşdirýär.

  • Arzalary tabşyrmagyň ahyrky möhleti: 30.11.2024
  • Netijeleri şu senede belli bolar: 2025-nji ýylyň iýul aýy
  • Maksatnamanyň başlaýan wagty: 2025-nji ýylyň sentýabr aýy

Bu talyp haky biologiýa ylmynda bilimi bolan talyplar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu maksatnama laýyk gelýän we laýyk gelmeýän diplomlaryň sanawyny profildäki link arkaly ýygy-ýygydan berilýän soraglar bölüminde görüp bilersiňiz. Şeýle hem, maksatnama gatnaşmak üçin ýurt çäklendirmeleri ýok.

  • Goşmaça maglumatlary şu ýerden okap bilersiňiz: https://tropimundo.eu/form/?info
  • Ýygy-ýygydan berilýän soraglar şu ýerde elýeterli: https://tropimundo.eu/userfiles/files/tropimundo_faq.pdf.

Related posts

“THE” reýtingi: Türkiýäniň sanawa giren halkara abraýly uniwersitetleri :2024

Ata Watan Eserleri

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov