JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynda

gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Singapur Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Singapuryň «Çangi» Halkara howa menziline geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni kaşaň «Shangri-La» myhmanhanasyna ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanynyň iki günlük saparynyň dowamynda bolmaly kabulhanasy ýerleşýär.

Ertir — 27-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakobyň, şeýle hem premýer-ministr Li Sýan Lunyň arasynda gepleşikler geçiriler. Olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýar.

Innowasion ösüşe we milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, öňdebaryjy ylym bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty nazara almak bilen, häzirki wagtda dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Singapur Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

23-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, şeýle hem işewür düzümleriň ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi.

Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde biri-birleriniň netijeli başlangyçlaryny, tekliplerini goldamak bilen, halkara giňişlikde netijeli özara gatnaşyklary alyp barýandyklaryny bellemek gerek.

Biziň ýurtlarymyz parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ulag we energetika diplomatiýasy, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly düýpli meselelerde garaýyşlaryň ýakyndygyny we ugurdaşdygyny görkezýär.

Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Singapuryň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen, şol sanda işewürler maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler, olarda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreler we ädimler babatda pikir alyşmalar boldy.

Häzirki wagtda Singapur Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde esasy maliýe, ykdysady we nebitgaz merkezleriniň biri hökmünde hakykatdan-da ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýurduň iri senagat ulgamlaryny, hususan-da, elektron we nebithimiýa senagatyny, şeýle hem logistika ulgamyny döretmekde, daşary ýurt maýa goýumyny çekmekde hem-de halkara bazarlarda ýokary tehnologiýaly önümleri ilerletmekde toplan tejribesi örän gyzyklydyr.

Öz nobatynda, baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň okgunly depginleri, amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň hemmesi bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen bir hatarda ylmy-tehniki ulgam, innowasion lukmançylyk, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, syýahatçylyk industriýasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk alyp barmagyň möhüm ugurlarydyr. Elbetde, däp bolan dostlukly döwletara gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär.

 

Ýene-de okaň

Ermenistanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

“Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy” işlenip taýýarlandy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri öňde boljak sammitleri ara alyp maslahatlaşdy

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi