DÜNÝÄ

Türkmenistan- ÝB: oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygyny we obany mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge ýardam bermek — SARD III» Taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň bäşinji iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga biziň ýurdumyzdan we ÝB-den Taslamanyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

SARD III taslamasy oba hojalyk toplumynda telekeçiligiň höweslendirilmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, halkara ülňüleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda geçen ýylyň sekiz aýynda Taslamany amala aşyrmakda ýetilen sepgitler, 2019-njy ýylyň 1-nji ýarymyna meýilleşdirilen çäreleriň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Taslamanyň çäklerinde halkara bilermenler oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýardam berdiler, şol sanda ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklaryna kömek etmek maksady bilen, Beýik Britaniýa hem-de Niderlandlara tanyşlyk iş saparlary guraldy.

Obasenagat toplumynda iş alyp barýan ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda toplanylan halkara tejribesini giňden ýaýratmak maksady bilen, balykçylyk, süýt önümçiligi, alma agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini eksport etmek boýunça tehniki gollanmalar taýýarlanyldy. Ýakyn wagtda bu gollanmalar taslamanyň www.sard3tm.org. web – sahypajygynda ýerleşdiriler.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyk gelýän SARD III Taslamasynyň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň Ýewropa ýurtlarynda kabul edilen ülňülere geçirilmegini çaltlandyrmaga ýardam edendigini hem-de geljekde ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini eksport etmegiň möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini bellediler.

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi