DÜNÝÄ

Türkmen-wenger işewürler maslahaty geçirildi

2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde işewürler maslahaty geçirildi. Bu işewürler maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurnaldy. Maslahatyň çäklerinde iki ýurduň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň, bank ulgamynyň we hususy telekeçileriniň ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly çykyşlary diňlenildi. Esasan hem işewürler maslahatynda Türkmenistanyň senagat pudagynyň, himiýa senagatynyň, mineral serişdeleriniň önümçiligini we beýleki gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýokarda belläp geçişimiz ýaly, işewürler maslahatyna türkmen telekeçileri hem gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Wengriýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler. Gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler