DÜNÝÄ

BMG : Aşgabatdaky maslahatyň halkara ähmiýeti

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäginde we onuň daşynda dürli derejedäki maslahatlar, forumlar, sergiler guralýar.

Şeýlelikde, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda “Türkmenistan  we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de bu çärä dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy öňe sürmek nukdaýnazaryndan bitaraplyk syýasatynyň wajyplygyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik tapan halkara guramalarynyň köpsanly wekilleri, žurnalistler we diplomatlar gatnaşdylar.

Maslahat oňa gatnaşyjylaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna Ýüzlenmesi bilen tamamlandy. Bu Ýüzlenme BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

Related posts

YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisi geçirildi

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’dan İranýa taziye

vepa