DÜNÝÄ

“Türk akymy” gaz geçirijisi ulanmaga berildi

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýip Ärdogan bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Stambul şäherinde iki ýurduň arasynda gurlan “Türk akymy” tebigy gaz geçirijisini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdylar. Bu gaz geçirijisi Russiýa döwletinden Türkiýe Respublikasyna tebigy gazy eksport etmek üçin gurlan uly taslamalaryň biridir. Russiýanyň tebigy gazy Gara deňziň aşagyndan gurlan, uzynlygy 930 km deň bolan gaz geçirijisi arkaly Türkiýä  her ýyl 31,5 milliard kub metr möçberinde akdyrylyp başlanar. Şeýle hem Russiýa tebigy gazyny geljekde Ýewropa akdyrmak boýunça täze taslamalarynyň bardygyny mälim edýär.

Related posts

Kofeniň täze peýdalary

vepa

Forrest ― iň uzyn boýly žirafa

Ata Watan Eserleri

Makron kasam kabul etdi

Ata Watan Eserleri