DÜNÝÄ

Tramp “TikTok” torunyň ABŞ-daky işini 75 gün uzaltdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “TikTok” jemgyýetçilik torunyň ABŞ-daky işini ýene-de 75 gün dowam etmegi bilen baglanyşykly karara gol çekdi. Bu barada Tramp özüniň “Truth Social” jemgyýetçilik torundan habar berdi.

– Meniň administrasiýam “TikTok” jemgyýetçilik toruny ABŞ-da saklap galmak üçin işjeň iş alyp barýar. Bu ugurda öňta netijeler gazanyldy. Geleşik gazanmak üçin goşmaça işler geçirmeli. Şonuň üçin bu toruň işini ýene-de 75 gün dowam etmek hakyndaky karar gol çekdim – diýip, Tramp belledi.

Tramp Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belläp, “TikTok” jemgyýetçilik torunyň ýapylmagynyň tarapdary däldigimizi bellemek bilen, bu ugurda degişli geleşigiň baglaşyljakdygyna ynam bildirdi.

Related posts

Andy Warholyň kamerasy üçin 13 müň 750 dollar

Malaýziýanyň häkimi Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň “akylly” şäherleri gurmak tejribesine gyzyklanma bildirýär