JEMGYÝET

Türk­me­nis­tan­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry 11 gö­te­rim azal­dy

«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň geçirilýän günlerinde Samarkant şäheri halkara klimat forumyny hem kabul etdi.

Samarkant Kongres merkezinde «Ählumumy klimat meseleleri we Merkezi Aziýa: umumy gülläp ösüşiň bähbidine tagallalar» mowzugynda guralýan forum howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy halkara bilermenleridir döwlet işgärlerini, halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu forumda çykyş edip, ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ugurda iň mö­hüm me­se­lä­niň kö­mür­tur­şy ga­zy­ny we me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak­dan yba­rat­dy­gy­na ün­si çek­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky dö­wür­de Türk­me­nis­tan bu ugur­da köp iş­le­ri ama­la aşyr­dy. 2023-nji ýyl­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça to­par dö­re­dil­di. Şol ýy­lyň de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şu­lan­dy­gy res­mi taý­dan yg­lan edil­di. Hö­kü­met ho­wa­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­gi­niň “Ýol kar­ta­sy­ny” ka­bul et­di. Ne­ti­je­de, di­ňe 2024-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Türk­me­nis­tan­da me­tan zy­ňyn­dy­la­ry 11 gö­te­rim azal­dy. Bu bol­sa me­ýil­na­ma­da bel­le­nen de­re­je­den ýo­ka­ry­dyr.

Related posts

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

      Leonardo Di Kaprio 43 million dollar bagyş eder

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirildi

Ata Watan Eserleri