SPORT

“Trabzonspor”  topary Türkiýäniň kubogyny gazandy

Türkiýäniň milli futbol çempionatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. “Ziraat Türkiýe Kubogy” diýlip geçirilýän ýaryşyň finalynda “Trabzonspor” topary bilen “Aýtemiz Alanýaspor” topary duşuşdy. Duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Trabzonspor” topary bu kubogy 9-njy gezek gazanmagy başardy.

“Trabzonspor” topary kubogyň final duşuşyklaryna 15 gezek gatnaşyp, 9 gezek ýeňiş gazandy. Topary mundan ozal, 1976-77-nji, 1977/78-nji, 1983/84-nji, 1991/92-nji, 1994/95-nji, 2002/2003-nji, 2003/2004-nji hem-de 2009/2010-njy ýyllaryň möwsüminde bu abraýly kubogy gazandy.

10 ýyldan soňra täzeden bu arzyly kubogy eýelän “Trabzonspor” topary Türkiýäniň kubogyny iň köp gazanan ikinji topar boldy. Bu sanawda birinjiligi 18 kubok gazanan “Galatasaraý” topary barýar.

Şeýlelikde, Tükriýäniň Superkubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda çempion bolan “Medipol Başakşehir” topary bilen kubogy gazanan “Trabzonspor” topary duşuşar.

 

 

Related posts

Jordanyň meşhur sport aýakgaby satyldy

Ata Watan Eserleri

Fatih Terim “Galatasaraýdan” gitdi

Olimpiýa oýunlarynyň açylyşyna 15 prezidente garaşylýar