TEHNOLOGIÝA

“Toyota” kompaniýasy “Volkswagenden” öňe saýlandy

2020-nji ýylda tutuş dünýäde awtoulag söwdasynda Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy öňdeligi eýeledi. Ozaldan bäri, bu kompaniýanyň esasy bäsdeşi bolup, Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy çykyş edýärdi.

2020-nji ýyldaky görkezijiler boýunça “Toyota” öňde saýlandy. Ýapon kompaniýasy 2020-nji ýylda 9.53 million ulag satdy. Germen kompaniýasynyň söwdasy bolsa 9.31 million deň boldy. Şeýlelikde, 5 ýyldan soňra ýapon kompaniýasy ozdurdy.

“Toyota”-nyň “Daihatsu Motor Co.” we “Hino Motors Ltd.” golçur kärhanalaryny hem  öz içine alýan topary bir ýylda 9,53 million söwda amala aşyrdy.

Ýewropa Bileleşigi sebitiniň iň güýçli awtoulag öndüriji kompaniýalarynyň biri bolan “Volkswagen” kompaniýasynyň söwdasy soňky 10 ýyllykda ilkinji gezek pese gaçdy we bu görkeziji 15 göterime deň boldy.

“Toyota Motor” pandemiýa döwründe-de önümçiligini taryhynda rekord derejä ýetirmegi başardy.

2020-nji ýylda global ulag bazar söwdasy 94,8 milliona ýeter diýlip çaklanylýar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi