SPORT

“Tottenhem” toparynyň stadionynyň ady satylar

Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň stadionyň adyny 286 million ýewro satyp bilner. Bu barada “Daily Mail” gazeti habar berýär.

Neşiriň habar bermegine görä, ABŞ-nyň dünýä belli “Amazon” kompaniýasy bu toparyň stadionynyň adynyň eýesi bolup biler. Toparyň ýolbaşçysy Deniel Lewi bu babatda rekord derejede bir geleşik baglaşmagy meýilleşdirýändiklerini belledi. Onuň aýtmagyna görä, stadionyň adynyň ygtyýarlygy 10 ýyllyk möhlet bilen 286 million ýewro möçberinde kompaniýalaryň eýeçiligine geçip biler.

Bu ugurda “Amazon” bilen “Nike” kompaniýalary gyzyklanma bildirýär. Häzirki wagtda “Amazon” kompaniýasy “Tottenhem” barada dokumental film surata düşürýär.

Related posts

Salah “Ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Mbappeniň her bir sekundy üçin 2,31 ýewro

Şu ýyl «Realda» diňe iki futbolçy şikes amady