TEHNOLOGIÝA

«Tesla» GDA döwletlerine aralaşýar

«Wedomosti» neşriniň habar bermegine görä, «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask «Täze dereje» atly Bütinrussiýa maslahatynda «Teslanyň» ýakyn wagtda GDA döwletleriniň bazaryna girip biljekdigini aýtdy.

Mask: «Meniň pikirimçe, biz ýakyn wagtda Russiýada bolarys. Şeýle hem Gazagystana we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna has köp üns bermegimiz gerek. Bu biziň üçin möhümdir» diýip, maslahata gatnaşyjylary bu maksady bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem, ol «Teslanyň» önümçilik geografiýasyny giňeltjekdigini aýtdy. Bu babatda Russiýada «Tesla» zawodyny açmaga rugsat berildi.

Häzirki wagtda «Teslanyň» ABŞ-da zawodlary bar. 2019-njy ýyldan başlap Şanhaýdaky zawodynda elektromobiller doly  işläp çykarylýar. Germaniýanyň Berlin şäherinde «Tesla» zawodynyň gurluşygy başlandy. Kompaniýa, önümçilik geografiýasynyň giňelmegini ABŞ-dan haryt daşamak üçin çykdajylary azaltmak we dünýäniň beýleki ýurtlarynda alyjylara elektromobilleri arzan satmak zerurlygy bilen düşündirýär.

«Teslanyň» ABŞ-da, Meksikada, Ýewropa Bileleşigindäki döwletler (Fransiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa, Portugaliýa), BAA, Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Taýwanda satuw ofisleri bar.

 

UEFA täze futbol bäsleşigine badalga berýär

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi