SIZDEN GELENLER

Terbiýeçilik buýsanjy

Ynsany ýaşamaga, işlemäge höweslendirýän güýjüň derejesini, rejesini hemem niçemesini duýmaga pursat beren döwür Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy bolup dowam edýär. Bu ýakymly, ýalkymly hem ýatda galyjy zamananyň ýaýrawly günleriniň her biri hem biri-birinden zyýada. Men muňa her iş güni öz öý-ojagymdan-zähmet ojagyma tarap ýola düşüp ugranymdan ýygy-ýygydan duş gelýärin. Ir säher bilen ýazyň ajaýyp howasyndan dem alyp, gül jähekli ýodanyň gyrasy bilen ýöräp barşyma okuw lybaslaryny ykjamja geýip, tahýajyklaryny başlaryna täç edip, arkalary kitap ýükli mekdebe barýan nesillerimiziň «Salamly» sözlerinde, buýsanç bilen işe ugran obadaşlarymyzyň nurana ýüzlerinde, dili senaly ýaşulularymyzyň sözlerinde… görýärin.

Gör nähli bagtyýar il, gör neneň ajaýyp nesil. Tebigatam bu sazlaşyga guwanyp onuň şanyna güller açýan ýaly, olar saňa ýol berýän ýaly. Her iş gününiň başy meni şeýle pursatlar bilen gurşap, öz zähmet ojagyma barýan ýolumy hasam ýakynlaşdyrýar. Şeýdip, bellenilen iş wagtyna ýetmezden mähetdel çagalar bakja-bagymyzyň bosagasyndan ätleýärin. Giň şäherçäniň degresinde oba ýanaşyk oturan, amatly gurşawda gurlan iki gatly 160 orunlyk döwrebap çagalar bagymyzyň  binasynyň alnyndaky altyn harplar bilen ýazylan «BAGTYÝAR NESIL» diýen goşa söz meniň ýollar boýy serimde, ýyllar boýy kalbymda göterip ýören nesillere bolan guwanjymy, kärime bolan buýsanjymy goşalandyrýar. Sebäbi, daşy şuňa menşzeş mazmunly ýazgyly binalaryň ählisiniň içinde nesilleriň röwşen ykbalynyň taryhy ýazylýar. Şonuň üçin hem bu ýerler türkmen üçin mertebeli, döwletli ýerler. Bu ýerlerde dowamatymyz kemala gelýär, geljekki şahsyýetleriň terbiýe binýady berkeýär… Şonuň üçinem bu ýere aýratyn sarpa, aýratyn nazar bilen seredilýär.Öz kärdeşlerim bilen didarlaşyp, gün tertibi boýunça çagalaryň kabul ediliş pursatlaryna gatnaşanymda men bu hakykat bilen yzygiderli ýüzbe ýüz bolýaryn.  Kimsi atasynyň elinden tutup gelýär, haýsy ejesine göterdip, ýene biri kakasynyň boýunda, birini uýasy, birini agasy getirýär. Şadyýanja çagalaryň her biri hem öz toparyna görä uly mähir, hossarlyk aladasy kabul edilýär. Şepagat uýasy olaryň saglygy bilen gyzyklansa, terbiýeçisi çagalaryň şahsyýeti hakdaky sowallar bilen aladalanýar.Bu pursatlarda ene-atalaryň hem olaryň ýakyn hossarlarynyň körepeleriň öýde özüni alyp baryşlary, çagalar bagynda öwrenenlerini özleşdirişleri barada buýsanç bilen söz açmaklary, öýlerinde hem çagalar bagyndaky pursatlaryny ýatlamaklary bolsa terbiýeçilerdir, enekeleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hakykatdan hem bu örän buýsançly, şol bir wagtda-da diýseň jogäpkärli ýagdaý. Çünki biziň saýlan hünärimiz geljegiň gözbaşy, nesilleriň ertirki ýaşaýyşy bilen bagly. Şonuň üçin hem biziň her birimiz öz kärimize wepaly bolup, yhlas bilen zähmet çekmäge çalyşmaly. Hawa, menem hut pikire gol bermek bilen, her gün arzyly maksatlary öňdüme besläp egsilmez hyjuw bilen öz wezipe borçlarymy göwnejaý berjaý etmäge girişýän.Bu gün gün bolsa olara öz topar otaglarynda we howludaky bezemen basdyrmalarda düýnküdendem gyzykly wakalar, sapaklar, çäreler, gezelençler, göwnaçmalar, süýjüje tagamlar, täsirli multifilmler, ýakymly ukular garaşýar.Her bir terbiýeçi-mugallymyň hem şeýle ruhlandyryjy güýç bilen ýaşaýandygyna, şuňa meňzeş duýgulara dolanýandyna ynanýaryn hemem döwletli Diýaryň bilim işgäri hökmünde ylhamlanýaryn.

 

Gül goýny jennet Watanym,

Bagtyýardyr nesliň seniň.

Halallyga ýugrulandyr,

Gujagyňda  kesbim meniň.

 

Gulpaklyja gyzjagazlar,

Edep, uýat ýumagyňdyr.

Dowumlyja oglanjyklar,

Seniň gorag tumaryňdyr.

 

Ösüp barýan nahalyňdyr,

Kökün urýan topragyňa.

Olar seniň buýsanjyňdyr,

Wepa berjek topragyna.

 

Waspyň eder olar baky,

«Sende dil açdyk biz» diýip.

Hiç haklaman gitmez olar,

Bereket-rysgalyň iýip.

 

Seň geljegiň eziz ýurdum,

Mälim olaň hyrujynda.

Barlygymyza buýsanýas biz,

Şeýle bagtyň bir ujunda.

         Orazbibi Muhammetdurdyýewa,

Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly

4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.

28-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri