Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Şu gün bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirilýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirýän oýlanyşykly ykdysady strategiýada kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, netijede, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm başlangyçlar öňe sürülýär.
Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmagyň Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Azyk bolçulygyna goşant goşýan telekeçiler çörek, süýji-köke, süýt-gatyk, alkogolsyz içgilerdir miwe şireleri, et, şöhlat we balyk önümleri, ýyladyşhana, guşçulyk, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden resminamalary esasynda telekeçilere önümçilik desgalaryny gurmak we ekin meýdanlaryny döretmek üçin geçen döwürde 100 müň gektara golaý ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, bank edaralary tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny we suw tygşytlaýjy enjamlary satyn almak üçin, oba hojalyk we azyk ugurly önümçilikleri döredýän hususy taraplara karz serişdeleri berilmegi hususy pudagyň agzalaryna döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet tarapyndan degerli goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi milli Liderimiz ýaşlaryň täze ýetişen ylymly-bilimli, giň gözýetimli, başarjaň we zehinli nesline uly bil baglaýar.
Umuman, häzirki wagtda türkmen işewürleriniň yhlasy bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde kiçi we orta telekeçilik ösdürilýär. Ykdysadyýetiň esasy ulgamlaryna wekilçilik edýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşup, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde hem hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Hususy telekeçileriň ýurdumyzyň elektron senagaty we elektrotehnika, gurluşyk we gurluşyk senagaty pudaklarynda, ulag we logistika ulgamynda, himiýa önümçiliginde, obasenagat toplumynda, azyk harytlarynyň we ýeňil senagat önümleriniň önümçiliginde gazanan oňyn netijeleri göwünleri galkyndyrýar. Bu günki gün milli öndürijileriň öndürýän harytlary we ýerine ýetirýän hyzmatlary hil taýdan dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Milli harytlarymyz diňe bir ýurdumyzda uly islegden peýdalanman, eýsem, ýakyn-u-alys ýurtlara eksport edilýär.
Goçnazar Annageldiýew, TOHU-nyň talyby.