SÖHBETDEŞLIK

“Teatr – bu meniň ömrüm, ýaşaýşym, dem alşym”

Medeniýet ulgamy biziň ýurdumyzda gülläp ösýän pudaklaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz medeniýet we sungat işgärlerine uly hormat-sarpa goýýar. Her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda Medeniýet işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilelikde bellenilip geçilýär. Şol sebäpli ýurdumyzda her ýyl medeniýet hepdelikleri uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Biz hem medeniýet işgärlerini hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Žurnalymyzyň şu sanynda teatr bilen bagly söhbetdeşlik etmek üçin Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher MUHAMMETGULYÝEWA ýüz tutduk. Ol hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap berdi.

Ilki bilen size biziň bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin wagt aýranyňyza köp sag bolsun aýdýarys. Söhbetdeşligimiziň başyny özüňiziň teatr tejribeleriňiz barada gürrüňdeşlikden başlaýsak.

 

Hawa, Maksat. Hemme çaga wagty kinoda oýnasy, aýdym aýdasy gelýär. Sungada birhili joşgunly ýapyşýar. Onuň ulaldygyça sungada höwesi artyp başlaýan eken. Biziň maşgalamyzda aýdym-saza, kino we radio oýunlaryna, hindi filmlerine aýratyn üns berip, hormat goýýardylar. Kakam, atam dutarda saz çalýardylar. Kakam goşgy ýazmany gowy görýärdi. Mekdepde okaýarkam biziň 6 otagly jaýymyz bardy. Şonuň bir otagy durşuna kitapdan doludy. Ýurdumyzda çykan ähli kitaplardan bardy. Kakam bizi hekaýa ýazmakda, kitap okamakda, goşgy düzmekde bäsleşdirýärdi. Şeýlelikde, döredijilige, sungada biziň öýümizde şert döredi.

Men, köplenç, enemiň ýanynda bolýardym. Ol, esasan radiooýunlary diňleýärdi. Şol oýunlardaky gahrymanlaryň keşbini göz öňüme getirip, olary menem ýerine ýetirýärdim. Ol duýgular mende şol wagtdan bardy. Mekdepde okaýan ýyllarym gurnaklara gatnap başladym. Ejemiň ýanyna goňşularymyz gelse-de, öýde gürrüň bolsa, olar üste-üste gürleseler meniň gaharym gelýärdi. “Teatrda üste-üste gürlenmeýär. Bular näme üçin üste-üste gürleýärkäler?” diýip oýlaýardym. Şol wagtda men aňymda durmuş bilen teatry deňeşdirýärdim. Ulaldygymça men has adamlardan çekildim-de, kitaba, sungada berildim. Şeýlelikde, meniň durmuşym has başgaça bolup başlady. Şol özgerişleri özümem duýýardym. Özüm oba gyzy bolanymdan soň, pagta ýygmaga gidýärdim, haly dokaýardym. Şol halylaryň ýüzünde filmleri görýärdim.

Kakam mekdepde mugallym bolup işleýärdi. Okuwy gutarmaly ýylym, okuwyň iň soňky sapagynda “Geljekde kim boljak?” diýen temada düzme ýazdyk. Şonda men hemme arzuwlarymy ýazdym. Şonda men artist boljak diýip ýazypdym. Muňa hemme kişi haýran galdy. “Atda mugallymyň gyzy nähili artist boljakka?” diýip, mekdep direktorydyr mugallymlaryna çenli ähli kişi haýran galdy. Garaz, öýdäkiler, hemme menden nägile boldular. Sebäbi öýdäkiler, mugallymlarym meniň lukmançylyk uniwersitetime girmegimi islediler. Ýöne men özümi tanamak isledim. Mysal üçin, men mugallym bolmaly bolsam, men bilýän zadymy başgalara kyn geçirip, kyn düşündirip bilýän ekenim. Diýmek, men mugallym bilemok diýdim. Sebäbi mugallym öz bilýän zatlaryndan başga-da, kän zat barada aýtmaly çagalara. Bu kär şol ýyllarda maňa kyn ýaly bolup göründi. Men munuň şeýle bolmagyny islän bolmagym hem mümkin. Ýüregim ýuka bolansoňmy, dözümsiz bolanyndanmy, bilmedim, garynjany hem ynjytmagy islämokdym. Şonuň üçin men ol lukman bolup bilmeýärin, meniň arzuwym, maksadym artist bolmak diýip öňümde maksat goýdum. Bu maksada ýetmegim üçin kakam arkamda durdy. “Goý, synanşyp görsün, synaglardan ýygylsa özünden görsün. Biz bir onuň durmuşyna böwet bolmaly, gyzym bizden öýkeli bolmasyn” diýip , meni Aşgabada synaglara alyp gaýtdy. Enem bilen ejem muňa kän bir göwnemediler. Olar her synagdan bäşlik alyp baranymda aglaýardylar. Olar “Bu synaglardan geçdi. Bu indi geljekde artist bolar” diýip gynanýardylar. Şeýlelikde, meniň okuwa girmegim tutuş biziň Bäherden etrabymyza belli boldy. “Bäherden bir gyz artistlige barýarmyşyn” diýip aýdýardylar. Garaz, gepiň keltesi men ýokary okuw mekdebine girip, okap başladym. Men Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhur bolan ägirtleriň elinde okadym. Okaýan ýyllarymda-da mugallymlarym menden uly zatlara garaşýandyklaryny duýdurýardylar. Olar dramada, tragediýada, komediýada güýçli artist menden çykjakdygyny maňa ýaňzydýardylar. Menem olaryň bu aýdýanlaryna çynym bilen ynanýardym, olaryň diýýänlerini etjek bolýardym. Dogrusy, sapaklarda utanýardymam. Soň-soň açylyşyp gidip, Aman Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başladym. Ol ýerde-de mekdebi gutaryp, teatra geleniňden soň uly-uly halypalardan çekinip, aljyraýaň, diliň çolaşýar, sesiň sandyraýar, tolgunýaň. Şol uly halypalaryň haýbaty, energiýasy seni basýar. Onda-da oýunda diýilmeli diýlen zady diýip, tomaşaçynyň söýgüsini gazanyp bildim diýip oýlaýaryn. Şol wagtlarda ilki janlandyran keşplerimiň döwürdeşlerimiň ýadynda galandygyny olar ýolda-yzda meni görenlerinde maňa duýdurýardylar. Şeýdip, spektakllarda kiçiräk keşpleri janlandyryp başladym. Onsoň “Garaşýan” atly şekilli aýdyma (kinosy bilen bile) surata düşdük. Olam derrew bütin Türkmenistana ýaýrady we şekilli aýdymlaryň arasynda birinji ýeri aldy-da, biz derrew tanaldyk oturyberdik. Ondan soňky keşplerimem yzygiderli geliberdi. Şeýdibem, arzuwyma ýetip, artist bolup gitdimmikäm diýip pikir edýärin.

Siziň üçin teatrda oýun oýnamak ýakymlymy ýa-da teleýaýlymda?

 Bizi okadanlarynda şol ikisinem bir hünär boýunça okadýarlar. Biziň diplomymyzda kino hem-de teatr artisti diýlip ýazylýar. Şonuň üçin olaryň ikisem maňa nätanyş däl, ikisem biziň kärimiz. Ýöne, teatr-da, kinoda aýratyn gyzykly. Teatrdaky artistler kino surata düşse, olar kinolarda gowy oýnaýarlar. Hakyky öz başyndan geçýän waka ýaly ýerine ýetirýärler. Şol sebäpli, olaryň ikisem meniň üçin gyzykly. Men olaryň birini alyp, birini goýup bilmeýärin. Guşuň goşa ganaty bolsa, olaryň ikisi hem meniň bir ganatym.

Garaşsyzlyk ýyllarynda teatra nähili üns berilýärdi? Häzirki döwürde berilýän ünsüň şol döwürde berlen ünsden tapawudy barmy?

 Garaşsyzlyk ýyllary meniň zähmet ýoluma gabat geldi. Onsoň biz öz eserlerimize ýüzlenip başladyk. Öz Watanymyz, öz taryhymyzda ýaşap geçen han-beglerimiz hakynda oýunlar maňa aýratyn täsir edýärdi. Men şolary kitapda okanymda olary özümçe göz öňüme getirýärdim. Biz olary spektaklda janlandyryp ugradyk welin, birhili başga-başga wakalar, olarda geýilýän egin-eşikler, oýunda berilýän sazlar seni öz dünýäsine gaplap alýar. Şol gyzykly wakalaryň içine çümüp, şolaryň içinde ýaly duýýarsyň özüňi. Meniňem Watan üçin göreşen zenan hanlaryň keşplerini ýerine ýetiren wagtlarym köp boldy. Şol döwürde şol wakalara, türkmençilige köp üns berlip başlandy. Olaram men öz ýüregime has ýakyn gördüm. Elbetde, daşary ýurt eserleri şol döwürde-de goýuldy, häzirem goýulýar. Olaram ýerine ýetirmek biziň üçin gyzykly. Şol oýunlarda artistligiňi, kämilligiňi ölçäp bolýar. Ýöne bilmedim, biziň bedenimizde türkmen gany akýanlygy üçinmi, daşary ýurtlara festiwallara gidenimizde her ýurduň öz taryhy wakasyny göresimiz gelýänligi üçinmi, taryhy oýunlar maňa has köp täsir edýär.

Garaşsyzlygyň ilkibaşdaky ýyllarynda şol temalarda uly-uly oýunlar goýulmaga üns berildi. Häzirki günde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biziň bagtly, şadyýan günlerimiz köp. Şäherimiziň owadanlygy, halkymyzyň bagtlylygy, olara Gahryman Arkadagymyzyň jaý sowgat berýänligi biziň oýunlarymyzda görkezilip başlandy. Biziň häzirki spektakllarymyz ýöne gara galamda däl-de, reňkli galamda surat çekýän ýaly boldy. Häzirki wagtda biziň her hili spektakllarymyz bar. Şol bir görnüşde däl-de, dürli-dürli. Çagalar üçinem spektakllar, daşary ýurt eserlerinden goýlan spektakllar , taryh, şu gün bilen bagly spektakllar bar. Şu günki eserlerimizem taryhy oýunlardan kem däl. Olar şeýlebir owadan. Olaryň hemmesem gyzykly. Şu wagt teatrlar şol ýyllardakydan has baýlaşdy. Ýurdumyzda teatr festiwallary, medeniýet hepdelikleri geçirilýär, daşary ýurtlara gidilýär. Teatr häzirki döwürde has gyzgalaňly boldy. Öňki oýunlarda birhili köneçilräk äheň bardy. Ol döwürde teatrlarda az artist oýnap, köp monolog aýdýardy. Häzirki oýunlarymyzda kän artist çykyş edýär. olar birhili teatra reňk berip, tomaşaçyda gyzyklanma döredýär. Köp artist oýny gyzykly edýär. Şonuň üçin men teatry häzirki döwürde has ösen ýaly görýärin.

 

Artisti teatrda, teleýaýlymda janlandyran keşbi arkaly tanaýarlar. Bu size nähili täsir edýär?

 

Men muňa örän begenýärin. Ýaňy hem aýdyşym ýaly, “Garaşýan” atly filme surata düşenimde adamlar şonda janlandyran keşbim arkaly meni tanaýardylar. Hatda çagajyklaram şol aýdymdaky sözleri aýdýardylar. Soň “Umyt mukamy” atly filmde Mähribanyň keşbinde çykyş etdim welin, tutuş halkymyz meni Mähriban diýip tanady. Onsoň öz adymy kän bilmediler. Ençeme ýyllap toýlarda, dabaralarda meni göreninde halk maňa Mähriban diýip ýüzlenýärdi. “Teatrda näme oýun bar?” ýa-da “Täze kino çykaraňzokmy?” diýip soraýardylar. Men muňa begenýärdim. Hatda bir gezek men ejem bilen ýöräp barýarkam ýolda duşan adamlar “Waý, bu diri eken! Gyzyň ýaşy uzak bolsun! Filmde gynançly ýeri bar. Men oňa örän gynanyp gezýärdim. Örän güýçli artist gyzyň bar” ýaly hoş sözleri aýdyp, bu sözlere ejemi agladýan wagtlaram bolýardy. Muňa ejem begenip, tolgunyp, gözüne ýaş aýlaýardy. Ýöne, aslynda diýjek bolýan zadym, beýle zatlara üns berip, badyhowalyga berilmeli däl. Şöhrada kowalaşyp, tanalýaryn diýip özüňi hondan bärsi alyp barmaly däl. Zähmet ýoluňda täze keşpleriň üstünde işlemeli. “Indi näme at bilen tanalarkam?” diýip täze keşpleri janlandyryp, özüňi täzeläp durmaly, şol bir at galmaly däl. Sebäbi sen birtopar keşpleri ýerine ýetirýäň, diýmek, sen diňe birinde tanalsaň, şonuň özem ýeterlik. Hatda welin diňe bir iş eden ýaly bolmaly däl. “Ýagşy ýigidiň ady köp” diýlişi ýaly, artist köp at bilen tanalsa ýagşy.

Siz üçin teatr näme we nähili ähmiýetde?

 Teatr – bu meniň ömrüm, ýaşaýşym, dem alşym. Men onsuz durmuşy göz öňüme getirip bilemok. Günüň dowamynda 24 sagat bar bolsa, şony teatra tutuş berýän wagtym hem bolýardy. Sebäbi oýunlar goýlanda ýarygijä çenli işleýän bolsak ýa-da çykyşlarymyz bar bolsa, öýümize gaýtmaýan wagtymyz hem bolýar. Biz teatrda goýulýan oýunlar bilen ýaşaýarys. Men artistleri saz guralynyň kirşi hasaplaýaryn. Sebäbi artist öz janlandyrýan keşbi bilen sazlaşykda bolmaly. Edil küşt oýnundaky ýaly, režissýorlar bizi dürli keşplere göçürýärler. Ýöne şol sazlaşyk artistde bolmaly. Şonuň üçin teatr meň durmuşymda örän uly ýeri eýeleýär. Men sahnada hemme käriň keşbini ýerine ýetirip gördüm, olaram haladym. Ýöne hemme käriň eýesi bolnup bolunýan kär artistlik käridir. Men spektakly oýun hasaplamok. Biz spektaklda ýaşaýarys. Spektakl 2 sagat dowam edýän bolsa, şol seniň başyňdan geçýär. Sen spektakla öz ömrüňden wagt sarp edýärsiň, sen onda ýaşaýarsyň. Meniň barlygymam, ykbalymam, ömrümem teatr.

Şu wagta çenli janlandyran keşpleriňiziň içinde size has ýakyny haýsy boldy?

 Ýaşrakkam “Jelaleddin Soltan” spektakly goýuldy. Ony meşhur režissýor Öwlüýäguly Hojagulyýew goýdy. Şonda maňa Gruziýanyň şasy Tamara şanyň keşbini ynandylar. Şol keşbi Türkmenistanda ilkinji bolup men janlandyrdym. Şol keşbi men şeýle gowy gördüm we çynym bilen ýerine ýetirdim. Şol spektaklda tansam edýärdim. Şol wakanyň içinde ýaşaýan ýaly, spektaklda gylyç tutmaly ýerlerem bolýardy. Şol meniň ömrümde iň gowy ýerine ýetiren keşbimdi. Ýöne meniň ýüregime-de ýakyn, adamyň ýüregine-de baryp täsir etjek keşbim bolsa, “Şapak” spektaklynda Selbiniň keşbidi. Ol adamlaryň ýüregine täsir edýän, bagryny ezýän, damagyňy doldurýan keşpdi. Ondan başga-da adamlary begendiren, gynandyran, pikirlendiren keşplerimem Ýöne näme üçindir başdaky keşpler has köp agzalýar. Soňky janlandyran keşplerimiň içinde-de ýüregime ýakynlary bar. Ýöne şol keşplere aýratyn hormat goýýaryn we hemişe ýatlaýaryn.

Sahna bilen bagly başyňyzdan geçiren ýatlamaňyz barmy?

 Sahnada gyzykly wakalar bolýar. Eger artist hemme aýtmaly sözlerini doly aýtsa, keşbini oýnamalysy ýaly doly ýerine ýetirse, onda oýun bolmalysy ýaly bolýar. Onda gyzykly waka bolanok. Eger sahnada birden biri ýalňyşaýsa ýa gülküsi tutsa, ýa diýmeli däl sözi birden diýse, onsoň gyzykly waka başlanýar.

Bir gezek “Amanat giýew” spektaklynda gülkünçli waka bolup geçdi. Sahnada Döwlet Halmämmedow sportuň karate görnüşiniň hereketlerini etdi. Bu herekete Handurdy Bekgiýew hem “Bu niräň mekdebi?” diýip sorady welin, oňa hytaýça birzatlar diýdi. Onuň bu aýdan jogabyna tomaşaçylaryňam, artistleriňem gülküsi tutdy. Muňa güle-güle ýarym sagada ýakyn spektakly ýerine ýetirip bilmedik.

Bir gezegem bir oýunda “Halyl, bärik gelsene!” diýip aýtmaly ýerim bardy. Şonda men gygyrmandyryn. Şonda ünsümi sowup, garaşyp durupdyryn. Şol wagt aňyrdan Alty Sallantyýew ylgap geldi-de, “Gygyr, gygyr bol!” diýip, meni silteledi welin, meniňem sesim birhili çykdy oturyberdi.

Sahnada garaşylmadyk wakalar bolanda, gülkünç bolýar.

Durmuş teatrdan üzňe däl diýýärler. Siz bu pikire goşulýarsyňyzmy?

 Teatrsyz ýaşap bilýän adam barmyka?! Meniň pikirimçe ýok. Şonuň üçin adamlar artistleri teleýaýlymda, teatrda görýär. Teatr durmuş bilen baglanyşykly. Sebäbi teatrda goýulýan oýunlar durmuşdan alnyp goýulýar. Aýdaly, bir çykgynsyz waka tomaşaçynyň başyna düşen bolsa, şoňa meňzeş waka oýunda bar bolsa, adamlar şol oýna tomaşa edip, ondan çözgüt tapyp gidýär. Ýa gowy adam nähili bolmaly, erbet adam nähili bolmaly, özüne nähili bolmaly, dostluga nähili bolmaly, söýgä, Watana nähili wepaly bolmaly, ene-ata nähili hormat goýmaly, bularyň hemmesini biz öz spektakllarymyzda görkezýäris. Şol oýunlar arkaly çagajyklary terbiýeleýäris. Şol spektakla gelýän adamam şol oýundan özüne netije çykarýar. Şonuň üçin durmuş bilen teatr biri-birinden üzňe bolup bilmez.

 Teatryň jemgyýetiň arasynda ähmiýet gazanmagynda teatr artistiniň orny nähili?

 Aýdaly, bir oýun goýulýar. Şol oýunda birgiden adam işleýär: suratkeş, sazanda, kompozitor, agaç ussasy (bize gerek zady ýasap berýär), eşik dikýänler. Bularyň hemmesi bir zada gulluk edýär, olam şol oýny bezemäge, şol oýny artist göwnejaý ýerine ýetirmegine. Spektaklda waka artistiň ýerine ýetirmegi bilen çözülýär. Munda oýny goýýan režissýoram yzda galýar. Şonuň üçin artist teatrda esasy ähmiýete eýe bolup durýar.

 Dünýä belli artist Konstantin Stanislowskiý “Teatr artistiniň ahlagy teatrda iň möhüm zatdyr” diýip belleýär. Siz bu söz bilen ylalaşýarsyňyzmy we näme üçin? Aslynda artistiň ahlagy nähili bolmaly?

 Teatr artisti köp adamlaryň gözünde bolýar. Ol dürli keşpleri janlandyrýar. Şonda köp adam saňa aşyk bolýar. Şonda kelläňi dürs saklamaly. Ine, teatr artistiniň ahlagy. Onuň öz maşgalasy bar, öz durmuşy bar. Ol şony bilmeli. Munda kelläňi sämetdigiň ol adamyň ahlagy bozulyp gidýär. Munuň öňüni almak üçin islendik adam bilen araçägiňi saklamaly, işiňe wagtynda gelip-gitmeli, badyhowalyga, şöhrada berilmeli däl.

 Teatrda “sahna ahlagy” diýlen zat bar. Sahnadaky ahlak bilen durmuşdaky ahlagyň baglanyşygy barmy?

 Sahnanyň öz düzgünleri bar. Artist şony ýerine ýetirmeli. Sahnada edýän işiňi arassa etmeli. Çünki sahnaň öz kanunlary bar. Mysal üçin, sahnany göni kesip geçmek bolanok, ýa keşbiň eliňden “gaçdymy”, onuň öz düzgünleri Sahnaň öz medeniýeti bar. Hemme hereketler sahna bolanok. Meselem, ýeňsäňe bakyp durmak, ýa tomaşaçy şu gapdalda bolsa, beýleden aýlanmak ýaly hereketler sahna bolanok. Bular sahna ahlagyna degişli. Sahnada talap edilýän ähli hereketleri dogry edeniňde sahna ahlagyny dogry ýerine ýetirdigiň bolar.

Kemala gelýän täze artistlerden nähili tamalaryňyz bar? Olardan nämelere garaşýarsyňyz?

Artist boljak men diýip teatra gelen adama, eger ol çaga-da bolsa, oňa hormatym uly. Sebäbi ol ýüreginiň jümmüşinde şol arzuwy döredip bilmegi uly bagt. Olar şol ugurda okaýarlar, bilim alýarlar. Men artist boljak diýýän adamyň ýüregi hyjuwdan, ylhamdan doly bolýar. Ol şony paýlamak üçin teatra artist boljak diýip gelýär, sungat, döredijiligi saýlaýar. Onsoň ol artist bolmagy çyn ýürekden saýlap, köp kynçylyklardan geçip, özüne ynanyp, teatra gelen bolsa, isle l artist boljagyny bir aýda subut etsin, isle bir ýylda subut etsin, men ony howlukdyrmaýaryn. Eger ol kiçijik keşpde sahna çyksa-da, men onuň artist boljagyna ynanasym gelýär. Şonuň üçin men ýaşlarymyzy gyssamok. Men olary ýuwaşjadan synlaýaryn. Ol haýsy artiste meňzeýär, kimiň ýolundan oýnasy gelýär, mugallymy kim, bulara men özümçe kesgitleme berip gezýärin. Ýöne ol hemme zady okap, öwrenip, teatra gelip, hiç zady edesi gelmeýän bolsa, teatra höwesjeň däl bolsa, dogrusy, men şonuň bilen sahna-da çykasym gelenok. Bu ugra ýöne gelinmeýär. Bu kärde ömürboýy gowy görüp işlemeli. Eger göwnüňde kiçijigem bolsa, çat bolsa, bu käre uzak ýyllar hyzmat edip bolmaýar. Munda käriňi söýüp işlemeli. Sen adamlara ýüregiňdäki agyryny, şatlygyňy bermegi başarmaly. Olar seni duýmaly, şondan lezzet almaly. Olar saňa düşünmeli. Elbetde, teatra ýaşlar gelse örän begenýärin. Ýöne olar birzatlar etsem-goýsam diýseler gowy görýärin. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň içinde-de özüni görkezesi gelýän, teatra çyn ýürekden höwes edip gelenler, ukyp-başarnyklary bolan artistlerimiz bar. Biz olara elmydama goltgy berýäris.

Siziň şolara nähili maslahatlaryňyz bar?

 Olar entek ýaş. Eger olara uly-uly keşpleri oýnamagy ynansalar, olara dil, ses maşklaryny geçmegi, sahnada ýöräp, tans edip başarmagy maslahat berýärin. Islendik hereket sahna gelişmeli diýip düşünýärin. Men, esasan şol zatlara seredýärin. Eger şolar nädogry bolan ýerleri bolsa, şolara duýduryş berýän ýerlerim köp bolýar. Sahnada ýaşlar bilen çykyş etmeli bolanymyzda, olar aljyranda “Hiç bolmanda sözüňi bir aýt!” diýip, olardan talap edýärin.

Sizem bir döwürler şägirt bolansyňyz. Şol hakda-da biraz durup geçäýseňiz…

 Men uly-uly halypalar işleýärkä işe başladym. Şonda olaryň hiç biri maňa şägirdim diýenokdy. Menem olardan gaty görýärdim. Ýöne olar aslynda seni daşyňdan synlaýan ekenler. Menem halypalaryň birinden bu barada soradym. Şonda ol maňa şeýle jogap berdi: “Biz seni daşyňdan synlaýarys. Eger bolýan ýeriň bolsa gürlemeýäris. Eger bolmaýan ýeriň bolsa, saňa duýdurarys”. Ýöne olaryň özi aýtmasa-da, halypalarymyň meni özleriniň şägirdi görýändiklerini ýaýlymda interwýu berenlerinde, radioda ýa beýleki artistleriň ýanynda aýdanlarynda eşitdim. Men şondan soň olara düşündim we köşeşdim (gülýär). Olaryň seniň kem ýeriňde duýduryş berip durmaklary, olaryň halypalygy eken.

Siz özüňizi halypa hökmünde görýärsiňizmi?

Maňa-da halypa diýip, maňa-da öwret diýýänler bolýar. Menem öz bilýän zatlarymy, halypalardan öwrenen zatlarymy şägirtlerim bilen paýlaşyp, daşymdan halypalyk edýärin. Olaryň ýalňyşan ýerinde ýaňky halypalaryň duýduryşy ýaly duýdurýaryn. Ýöne bu meň şägirdim diýip adam saýlamok. Ýöne göwnümiň ýeten ýaşlaryna özümiň ýaş wagtym janlandyran keşplerimi berip, öwreden ýerlerim kän.

Size teatryň haýsy ugry has ýakyn?

 Başda komediýada janlandyran keşplerimi görenler komediýany halaýar. Tragediýada agladýan keşplerimi görenler ony halaýarlar. Ony tomaşaçynyň her biri özi saýlaýar. Meniň üçin olaryň hemmesem Sebäbi adamyň durmuşyna sussupeslik aralaşanda gynançly keşpleri oýnasyň gelýär. Şol keşpleri oýnadygyňça özüňem şol bolup barýarsyň. Birdenem adamlaryň ýüzündäki ýylgyryşy görýäň-de göwnüň galkýar we şadyýan keşpleri janlandyrasyň gelýär. Şadyýan keşpleri oýnap başlaýarsyň weli, gynançly keşp ýadyňdan çykyp gidýär. Onsoň ýene şonuň ýaly keşp ynanylsa, şoňa ýene dolanmaly bolýarsyň. Onsoň olar birhili köpri bolup gidýär. Ýöne tomaşaçy olaryň içinden haýsysyny halasa, şony ýadynda saklaýar.

Söhbetdeşligimizi siziň ýürek arzuwlaryňyz bilen jemläýsek

 Her bir ynsanyň göwnünde arzuwlary bolýar. Menem hemme adama jan saglygyny, maşgala abatlygyny, bagtly durmuşda teatrlara baryp, durmuşlaryny gyzyklandyryp durmaklaryny arzuw edýärin. Öz kärdeşlerime döredijilik üstünliklerini, daşary ýurtlardaky geçirilýän festiwallarda ýaşyl Tugumyzy parlatmaklaryny, gyzymyň häzirki bagtly döwürde bagtly durmuş gurup, ak öýlerde ajaýyp toýlar etmegi çyn ýürekden arzuw edýärin. Bizi şeýle ajaýyp döwürde ýaşadýan, medeniýet, sungat işgärlerine çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Siz ýaşlaryňam ýoly elmydama açyk bolsun! Döredijilikde özüňizi görkezip, geljekde meşhur žurnalist bolmagyňyzy, öz käriňize çyn ýürekden ýapyşyp, hünäriňizde yz goýmagyňyzy isleýärin.

Ýagşy arzuw-islegleriňiz üçin köp sag boluň. Bizem size döredijilik üstünliklerini gazanmagyňyzy arzuw edýäris. Wagt aýryp, biziň bilen söhbetdeşlik edendigiňiz üçin ýene bir gezek köp sag boluň! Hünär baýramyňyzam gutly bolsun!

Doglan güni: 1973-nji ýylyň 11-nji noýabry.

Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Akdepe obasy

Haýsy reňki halaýar: gyzyl, goňur, sary;

Maşgalada 1 gyzy bar

 

Söhbetdeşligi geçiren: Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Sahnaň ýaş we parlak ýyldyzy

 

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda