BIZNES

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 30 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy baglaşyldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi we matany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 80 million 30 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 962 müň 500 manatlyk bugdaý harpygyny satyn aldylar.

Related posts

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

Türkmenistan’ın kimya sanayi hızla gelişiyor

vepa

Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndüriler

Leave a Comment