DÜNÝÄ

Täze “Mulan” filmi haçan görkeziler

Dünýä belli “Disneý” studiýasynyň öňümizdäki hyýaly we drama žanrlary esasynda döredilen “Mulan” atly filmi dowam edýän COVID-19 pandemiýasy sebäpli görkeziliş dabarasy awgust aýyna yza süýşürildi. Bu film üçin 200 million dollar çykdajy edildi. “Mulan” filmi indiki aýda tapgyrlaýyn açylmagy meýilleşdirilýän teatrlaryň uly ekrana çykjak ilkinji Golliwud filmi bolmagyna garaşylýar. Gadymy hytaý gahrymanynyň rowaýatyna esaslanyp döredilen “Mulan” Disneýiň 1998-nji ýyldaky şol bir animasiýa filmi bilen bagly filmdir. Bu film şu ýylyň awgust aýynyň 21-ine tomaşaçylara ýetirilmegine garaşylýar.

Related posts

Türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi

Gazagystanda uçdantutma ilat ýazuwy geçiriler

Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işleri ministrleriniň duşuşygy