TEHNOLOGIÝA

Täze elektron önümlerini sentýabrda tanyşdyrar

“Samsung” kompaniýasy şu ýylyň maý aýynda elektron önümleri öndürýän kärhanalaryň arasynda geçirilýän “IFA” halkara sergisine koronawirus pandemiýasy sebäpli gatnaşyp bilmedi. Şonuň öwezini dolmak maksady bilen kompaniýa şu ýylyň 2-nji sentýabrynda “Life unstoppable” ady bilen bir çäre geçirmegi meýilleşdirilýär. Bu çäräniň dowamlylygy 45 minuda barabar bolar. Geçiriljek çärede kompaniýanyň täze harytlary, ýagny täze akylly telefonlary, telewizorlary, hojalyk harytlary, gulaklyklar we ses çykaryjy enjamlar satuwa çykarylar. “Samsung” kompaniýasynyň 2-nji sentýabrynda geçirjek “Life unstoppable” çäresi sagat 9:00-da başlar. Onda bölek we lomaý satuw işleri gatnaşyjylara açyk bolar. Müşderiler özleriniň gerekli harytlarynyň sargydy hem kabul ediler. Çäre barada ýene-de goşmaça maglumatlaryň okyjylara ýetiriljekdigi kompaniýanyň resmi web sahypasynda aýdylýar.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar