SIZDEN GELENLER

Tanymal ertekiçiniň doglan güni

Çagalyk ýyllarymyzdan özüniň ýazan ertekileri bilen ählimiziň ýüregimize ornaşan daniýaly ýazyjy Gans Hristian Andersen 1805-nji ýylyň 2-nji aprelinde Daniýanyň Odense şäherçesinde ädikçiniň maşgalasynda dünýä inýär. Meşhur ýazyjy çagalyk ýyllaryndan başlap, halk döredijiligi we teatr sungaty bilen gyzyklanyp başlaýar we birnäçe pýesalary ýazýar. Ol ilki bilen gimnaziýany, soňra uniwersiteti tamamlaýar. Daniýaly meşhur ýazyjynyň doglan güni köp ýurtda Halkara çagalar kitap güni hökmünde bellenilýär. Bu baýramçylyk 1967-nji ýylda Halkara çagalar kitaplary geňeşiniň başlangyjy we karary bilen döredildi.

G.H.Andersen özüniň döredýän ertekilerini, hekaýatlaryny halk köpçüligine gürrüň berer eken. Emma soňlugy bilen ýazyjynyň kitaplary hem çykyp başlaýar. Ýazyjy 23 ýaşyndaka özüniň ilkinji “Amager adasyna gezelenç” atly kitabyny çap etdirýär. Soňra ýazyjy Ýewropanyň dürli künjeklerine, şol sanda Rime, Pariže, Londona, Amsterdama syýahat edip ol ýerlerde birnäçe ertekileri döredýär. Şol döwürlerde W.Gýugo, G.Geýne, Ç.Dikkens bilen tanyşan ýazyjynyň ertekileri olary hem haýran galdyrypdyr.

Ýazyjy “Improwizator”, “Diňe skripkaçy” ýaly romanlary hem-de birnäçe goşgulary ýazýar. Çagalar üçin erteki ýazyp başlamagy oňa uly meşhurlyk getirýär. Dünýä meşhur ýazyjynyň “Kiçi Klaus we Uly Klaus”, “Betnyşan ördejik”, “Kükürtli gyzjagaz”, “Jaň”, “Bir enäniň taryhy”, “Kölege”, “Öýlenjek ýigit we gelinlik”, “Leglekler”, “Jennet bagy”, “Korolyň täze köýnegi”, “Rusalka”, “Ole Lukoýe”, “Korolyň täze köýnegi”, “Ýoldaky ýoldaş”, “Doňuz çopan”, “Ýabany guwlar”, “Nohudyň üstündäki şa gyzy” ýaly birnäçe ertekileri dünýäniň birnäçe dilllerine terjime edildi.

G.H.Andersen Daniýanyň paýtagty Kopengagen şäherinde 1875-nji ýylda aradan çykýar. Ýazyjynyň adyna 1956-njy ýylda ÝUNESKO-nyň çagalar we ýetginjekler edebiýaty boýunça halkara fondy tarapyndan Gans Hristian Andersen adyndaky halkara baýragy yglan edilýär. Iki ýyldan bir gezek gowşurylýan bu baýragy ilki çagalar edebiýaty boýunça uly işleri bitiren ýazyjylara berilýän bolsa, soň-soňlar bu ugurdaky suratçylara hem-de hudožniklere gowşurylyp başlanýar. Gans Hristian Anderseniň ertekileriniň birnäçesi dünýäniň 125-den gowrak diline, şol sanda türkmen diline hem terjime edildi.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 talyby.

 

 

Russiýadan Türkmenistana dostluk goldawy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi