HEKAÝALAR

Talaban

                                                                                                 Nowella

Bir ýurtda işe aljak bolsalar ilki seniň bilen gepleşik geçirýäler. Men düýn bildiriş arkaly hojaýyn bilen gepleşdim, häzirem şol ýere barýan.

Gapyny maňlaýynda çelpek ýaýaýmaly, sakar, garakçynyňky ýaly, gözleri ruhanyny ýatladyp duran orta ýaşlaryndaky adam açdy. Onuň maňlaýynda saçynyň ýokdugyna garamazdan ýeňsesine goýberilen saçyny örübermelidi. Ol siganyň bazardan at satyn aljak bolşy ýaly meni boýdan-başa synlady.

– Ýu kontri?

Men öz ýurdumyň adyny aýtdym.

– A-a-a… imperiýa Raşa?

– Ýest.

– Whabbin abahir?

– Durmuşy öwrenýärin.

Ol gözlerini süzüp täzeden ykjamlanyp sorady.

– Näme birzatlar ýazýarmysyňyz?

– Synanyşýaryn.

– Synayşmak gowy zat. Hemme zat synanyşmakdan başlanýar.

Soň ol şeý diýip kimdir birini çagyrdy.

– Don Lawra!

Gapydan mazaly gartaşandygy bildirip duran garaýagyz, semiz aýal girdi. Ol meni görüp seýrek ap-ak dişlerini görkezdi. Men seýrek dişli adamlaryň ýürekleriniň gowy bolýandygy hakynda pikir etdim. Hiç-haçan aldamaýan pikirim bu gezegem aldamady. Hojaýyn meni görkezip garra ýüzlendi.

– Bi täze talaban. Näme etmelidigini görkezersiň.

Soňam ol aýlyk hakyny gepleşip, ikinji gata tarap ýöneldi.

Jaý iki gatdy. Ýokarky gatda hojaýyn öz aýaly Kasandra bilen ýaşaýardy. Aşaky gatda bolsa men Lawra bilen ýaşamalydym. Bu zatlaryň baryny garry maňa düşündirýärdi.

– Talaban, ikinji gata çykjak bolup milt edäýmegin! Seniň ornuň pesde. Häzir men saňa ýaşamaly otagyňy görkezeýin.

Ol şeý diýip gyraky otaga ýönelende alagoh edip tüýlek it garşy aldy. Garry nämedir bir zat diýdi welin ol göze görünmeýän sapaga daňlan ýaly yzyna ýumlukdy.

– Bi Dog – ol ýuwaş it, ýöne ol haýwanam bolsa özüne adam ýaly çemeleşmeklerini halaýar. Senem her gezek irden turaňda oňa ynsana çemeleşişiň ýaly çemeleşgin. Ýogsam ol saňa öwrenişmez.

Soňam ol maňa etmeli işleriň hemmesini ýekänme-ýekän düşündirdi. Aý garaz, talabanyň işidä, näme diýilse diňe “ok-keý” diýmeli.

Näme üçindir bi ýerde bar zat maňa ýarady. Ýöne diňe ýaramadyk zat meň iýjek naharym umumy gazanda däl-de, özbaşyna aýratyn bişirilýärdi. Bi kemsidilmäniň çürbaşydy, ýöne tejek zadyňam ýokdy.

Şol günden başlabam meň ikinji ömrüm – talabançylykly ömrümiň hem ýakymly, hem ýowuz sahypasy açyldy.

Lawra mähirli garrydy. Onuň asly Jamaýkadan. Hojaýynlarym bolsa Irlandiýaly. Lawra hojaýynyň aýaly Kasandranyň ejesiniň elinde-de işläpdir. Şondan bärem ol şu öýde işläp gelýän eken.

Hojaýyn – Karlo suratkeş. Aýaly köp wagtdan bäri ýarawsyz. Olaryň çagasy bolmansoň aýaly çagasy göwresinde galany bäri düşekden galman ýatyr. Likmanlar oňa şeýle maslahat beripdirler: hereket etseň çagaň düşmegi mümkin.

Karlo gije-gündiz diýmän surat çekýär. Surat çekip alan puluna-da aýalynyň hem-de bäbejigiň rahat bolmagy üçin derman alýar.

Şu gün irden Lawra maňa poly ýuwmagy tabşyrdy. Haçan-da men elime pol ýuwulýan agajy alamda ol sypaýyçylykly, ýöne berk tabşyryk bilen şeý diýdi.

– Talaban, sen poly polýuwulýan agaç bilen däl-de, eliňe matany al-da, çöküňe düşüp ýuw!

Ol meniň ebeteýsiz pol ýuwşumy synlap özi nähilidir bir suwa batyrylan matany poluň ýüzüne sürtmäne başlady. Ol hem-ä hyk-çok edip matany sürtýärdi, hemem meniň ýüzüme seredip şeý diýýärdi.

– Ynha, şeýt.  Özem güýjüňde baryny edip süpür!

Men basym işiň hemmesini ele aldym. Hatda pikirimi jemlemäge-de wagt tapylýardy. Şonuň üçin sähel maý tapdygym maňa nätanyş bolan çeper kitaplara mähirli garaýardym. Tüýlek it Dog bilenem basym öwrenişdim. Indi men oňa her gün ynsana garaýyşym ýaly ýüzlenýärdim.

– Gudmoning Dog! Tudeý slitgud naýs deý?

Dog meniň sözlerime çalaja hyňranmak bilen jogap berýärdi. Agşamyna bolsa men oňa “Tunaýt” diýip ýüzlenýärdim. Guýrugyny selpilledip öz ýatýan ýerine gidende-de “Gudlag!” diýip mähirli ugradýardym.

Lawrada wagt tapdygy meniň okaýan kitaplaryma geň galmak bilen seredýärdi. Haçan-da ol ýerli žurnalda çap edilen “Artyk ýaşalan bir gün” atly nowellamy okandan soň maňa bolan garaýyşyny düýpli üýtgetdi.

– Siz barypýatan ýazyjy ekeniňiz-ä. Nämüçin gelen günüňiz maňa aýtmadylar. Ýöne siz ýazyjam bolsaňyz birhili özümiz ýaly sizde hiç-hili ulumsylyk ýok. Hatda näme diýseň ikirjiňlemän edip ýörsüňiz.

Bir gün bolsa ol maňa şeý diýdi.

– Ýazyjylyk bilen talabançylyk bir ýere sygyşmaýar. Men şu gezek hojaýyndan pulumy alamda saňa balyk tutar ýaly tor alyp bereýin. Sen talabançylyk etme-de, balyk tutaý. Bu nähilem bolsa medeniýetliräk bolýar…

Men garra minnetdarlyk bilen seretdim. Onuň dözümsiz gözlerinde edil çaganyňky ýaly mysapyrlyk görünýärdi. Bir gün bolsa ol hekaýam çykan žurnaly hojaýyna – Karlo okadypdyr. Karlo gowy surat çekişi ýaly, edebiýatada düşünýän eken. Ol irland sypaýyçylygy bilen ýylgyryp şeý diýdi.

– Siz aşa gowy nowella ýazypsyňyz. Şeýle nowellalar bi ýerde-de seýrek ýazylýar.

Şol günden başlap meniň iýýän naharym aýratynlykda däl-de, umumy gazanda bişirilip başlandy. Indi ol maňa ýüzlenende-de “Talaban” diýmän, “Ser” diýip ýüzlenýärdi. Indi meniň ikinji gat jaýa çykmana-da hukugym bardy. Hatda hojaýynyň çekýän suratlarynam görmäge haklydym. Hanym Sandroda indi maňa kirpikmen gözlerini aýlap, nebsagyryjy nazar bilen talabançylyk edýänime gynaçlyk bildirýär hemem şu günden şeýläk Lawra her hepdäme 50 dollary aýratyn tölemegini tabşyrdy. Men indi hojaýyn bilen arkaýyn maslahatlaşyp oturyp bilýärdim. Hat-da onuň kofe içýän bulguryndan kofe-de içip bilýärdim. Ol bolsa özüniň şeýle ökde suratkeşligine garamazdan menden Gündogary ýatladyp duran pikirleri soraşdyrýardy. Menem gyssanman jogap berýärdim.

***

Men oňa biziň ilimizde hemme zatdan beter aty gowy görýändiklerini aýdanymda ol şol dem atyň suratyny çekmegi pikirinde jemledi. Ertesi men gören zadyma ynanmadym – ak kagyzyň ýüzünde ajaýyp atyň suraty bardy. Ol kellesini nowa sokupdyr-da, başyny galdyrypdyr. Agzynyň töweregi merjen däneleri ýaly damjalardan doludy, sähel eliňi degirseň olaryň bary paýrap gaçjaga meňzeýärdi. Asmanda nurly Aý oňa uýaljaňlyk bilen bakýardy.

Surat  meniň tüýs göwnümden turupdy. Men özümiň suratkeş bolup dogulmanyma ökündim. Eger suratçy bolan bolsam dünýäniň iň gowy zatlarynyň suratyny çekerdim. Ol surat maňa birwagtky eşiden gürrüňimi ýatlatdy.

Bir döwürler iki sany dost bir ýerde ýaşaýan eken. Dostlaryň biri suratçymyş. Onsoň beýleki dosty irden şähere çykyp öwrülip gelipdir-de, özüniň ajaýyp gyzy görendigini aýdypdyr. Gyz furgunda barýan eken. Ol ony taryplap suratkeş dostuna şeýle diýipdir: “Men ömrümde başga hiç zadyň suratyny çekmän, şo gyzyň suratyny çekip, Alla näçe gün ýaşamaga beren bolsa şoňa seredip ýaşardym”.

Suratkeşem juda ezber bolarly, ol gyzyň hemme görnüşini jikme-jik sorap, hatda gulagynda ysyrgasynyň bardygyny-ýokdugyny, haýsy milletdendigine çenli sorapdyr.

Ertesi suratçynyň dosty oýananda ol diwaryň ýüzünde özüniň gören gyzynyň keşbini görüpdir hemem dostuna şeýle sowal beripdir:

– Senem näme ony görüpmidiň?..

***

Biz şeýle günler bilen ýaşap ýördük. Karlo meniň ruhuma golaý suratlary çekýärdi. Men olara seredip gaty uzaklarda galan obamy göz öňüne getirýärdim.

Şeýle günleriň birinde gapydan lukman aýa gelip, bäbejige jan girendigini, şonuň üçin indi Kasandranyň başga dermany atmaly boljakdygyny aýtdy. Şonuň ýalam gorkuly pyşyrdap çagajygyň düşäýmeginiňem ahmaldygyny ýatlatdy. Bu şatlykly, şonuň ýalam howsalaly habardy. Şol gün Karlo irden gidip kän suraty sargyt alandygyny aýdyp begendi. Şol günden başlabam ol gijesi bilen ýatman surat çekip başlady. Suratlar dürli-dürlidi, şonuň ýalam owadandy. Indi men her gün eli ak gülli uzynak adamyň gelip çekilen suratlary alyp gidýändigini hemem hojaýynyma esli pul berýändigini görýärdim. Hojaýynym bolsa pullary alyp, onuň aýdýan sözlerini ukuly nazary bilen diňleýärdi. Nämüçindir uzynak adam bu sözleri pyşyrdy bilen aýdýardy.

– Bilýäňizmi ser, meniň hojaýynym siziň çekýän suratlaryňyza aşa uly baha berýär. Şonuň üçinem ol puluny gysganmaýar. Ýöne tizräk çekilmegini talap edýär.

Ol şeýle sözleri aýdyp sumat bolýardy. Karlo bolsa berlen pula bäbejik hem-de Kasandro üçin gymmat bahaly dermanlary alyp gelýärdi-de, ýene ak kagyzyň ýüzüne mähirli bakýardy. Her üç güni geçirip gelýän lukman aýalam çaganyň hem-de enesiniň ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp, şol gymmat bahaly dermanlary Kasandro içirip durmalydygyny tabşyryp gidýärdi. Karlo bolsa gijesini gündiz edip  uzakly gününi surat çekýärdi. Käte-de ol giň oturgyja özüni goýberip, uklap galýardy. Birdenem ol aýlyganç düýş gören ýaly hopugyp şeýle diýýärdi.

– W taýn?

Men sagadyň näçe bolandygyny aýdýardym. Karlo bolsa ýatyp dynç alanyna begenmän:

– Aý nistik- diýýärdi.

Şeýdip günler geçip durdy. Käte ol şadyýanlyga salyp Don Lawra şeýle diýýärdi:

– Siz şu gün keýsidiýa ýa çekinweýs bişirermisiňiz?

Bu onuň keýpiniň saz bolýan wagty diýýän sözüdi. Ýöne ol köplenç ukuly halda gezýärdi.

Biz şeýle günlerde ýaşap ýördük. Gelmeli wagty uzynak adam eli ak gülli, şonuň ýalam pully gelrdi-de ilki çekiljek suratyň möhletini ýene bärik süýşürip giderdi. Bu hojaýyna diýseň agyr düşýärdi. Ýöne geljekki bäbejigiň – mirasdüşeriň sagaman dünýä gelmegi üçin özüne agram salýardy.

Garry Lawra bu bolýan zatlara hilegärlik bilen tapylan zat diýerdi. Sebäp bir döwürler suratkeşleriň suratlary korollyk gözden geçirilişde ol ýeňiji bolupdyr. Şonda onuň bäsdeşleri muňa görüpçilik edipdirler. Ynha indem olaryň diýeni boldy. Meniň hojaýynyma çagajygyň sagaman dünýä gelmegi üçin kän pul gerek. Şonuň üçin olar – hojaýynymyň bäsdeşleri ony pul hem-de gül bilen damagyny çaljak bolýardylar. Ol ýatmajak bolup guzakly gije kofe içerdi. Ýöne barybir ukusyzlyk ondan hakyny alardy.

Bäbejigiň ýagty dünýäniň gyrasyndan gelmegine az wagt galypdy. Karlo bolsa ukusyzlykdan ýaňa entirekläp-entirekläp gidýärdi. Ýöne elindäki galamyny gaçyranokdy.

Şol gün meniň bolýan öýümde begenç hem-de gynanç hökümini ýöredýärdi. Bäbejik sagaman dünýä gelipdi. Tas hojaýynymam ýykylypdy. Lukmanlar ony aşa köp ukusyzlykda geçirilen günlerden görýärdiler. Ol özüni bilmän komada ýatan ýaly çiňňarkan düşüp ýatyrdy. Gözleri bolsa açykdy, hamala hemme zady görýän ýalydy. Men ol gözlere seretmejek bolýardym, ýöne barybir seredýärdim. Heniz endamyndan çarasy – gyzgyny gitmedik dünýäniň iň täze adamsy mirasdüşer, ýaşajyk irlandiýaly bolsa ýumrugyny berk düwüp, hamala dünýeden närza ýaly çyr-çyr aglaýardy. Muňa lukmanlaram, garry Lawrada, hatda ejesi Kasandra-da gözleriniň ýaşyny süpürip gülýärdi. Bu dünýäniň ýazylmadyk kanunydy – geleňde gülüp garşy alynýar, gideňde aglap ýola salynýar.

Garry Lawra bäbejigi göterip ýörite edýän ýaly hojaýynyň gulagynyň ýanynda agladýardy. Karlo bolsa hiç zat eşitmeýän ýaly uly dünýä parhsyz garap sessiz ýatyrdy. Lukmanlar onuň basym özüne geljekdigini aýdanlarynda men begenjimden tas aglapdym. Ýöne näme üçindir indi bu öýde saklanasym gelenokdy…

Hoşlaşmaly wagty gelende garry Lawra gözlerini ýaşdan dolduryp, edil mähriban ene ýaly maňlaýymdan ogşady-da, şeýle sözleri aýtdy.

–  Bizden hiç zady aýyp-syn etmäweri talaban! Dünýäniň gurluşy şeýledä… Menem ikinji gary görüp bilmezmikäm öýdüp gorkýaryn. Bardy-geldi eliňe galam alaýsaň men günäli bendäni – biçäre Lawrany ýatlamany unutmagyn. Bar, Madonna seni öz penasynda aman saklasyn!

Men bu mähriban öý bilen hoşlaşdym. Nirä gitjegimi bilemokdym. Bir bilýän zadym entejikler ýurda dolanmakçy däldim…

                                                                              Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri