BIZNES

«Täç hil» ― Merkezi Aziýada ilkinji

«Täç hil» hususy kärhanasy Merkezi Aziýada ilkinji bolup gel görnüşli antibakterial serişdesiniň önümçiligini ýola goýdy ― diýip, «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Bakteriýalary ýok etmekde hem-de elleriň derisini ýumşadyp, witaminler bilen üpjün etmekde ýokary häsiýete eýe bolan bu serişdeleriň her bir görnüşiniň özboluşly täsir edijiligi bar. El üçin gigiýeniki tämizleýji odekolonlar hem-de gel görnüşli gigiýeniki goraýjy serişdeleriň önümçiligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

50 ml, 200 ml we 250 ml ölçeglerdäki gaplara gaplanan, alma, pyrtykal, limon, orhideýa, lawanda ýaly önümleriň hoşboý ysy garylan bu antibakterial serişdeleriň hil derejesi hil barlaghanalaryndan üstünlikli geçdi.

Şu günler kärhanada düzüminde üzärlik dänejikleri bolan gel görnüşli antibakterial serişdeleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Özüniň ýokary hilli düzümini, hoşboý ysyny, tebigy reňkini we ýokumyny üzärlikden alýan hem-de ellerimizdäki bakteriýalary doly ýok etmäge we birnäçe sagadyň dowamynda ellerimizi zyýanly bakteriýalardan goramaga ukyply bolan bu antibakterial serişde ýakyn wagtda söwda nokatlarynyň üsti bilen, ildeşlerimize elýeterli bahadan ýetiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär