TEHNOLOGIÝA

“Realme” kompaniýasynyň täze telefony

“Realme” kompaniýasy indi “V” modelli smartfonlary öndürip, müşderilere ýetirmegi maksat edinýär. Ynha, olaryň ilkinji nesli ýakynda ýagny, 27-nji iýulda resmi taýdan Hytaýda täze “V” smartfonlar satuwa çykar.

Enjam dört sany 48 megapiksel datçikli kameralar bilen üpjün edilen. Onuň selfi kamerasynyň 16 megapiksele barabar boljakdygyny kompaniýanyň eýýäm tassyklady. Smartfonyň agramy 194 grama barabar bolup, batareýa ulgamynda 4900 mAh akkumulýator bolar we 30W çaltlykda zarýad almagyna garaşylýar. “Realme V” akylly telefony gara, ak, ýaşyl we kümüş reňklerde alyjylara ýetiriler. Onuň içki ýady 128-256 GB aralygynda dürli görnüşde satuwa çykarylar.

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi