SIZDEN GELENLER

Suw diplomatiýasynyň esasy wezipesi

Türkmenistan suwdan peýdalanmagyň we suw serişdeleriniň döwletler üçin deň derejede elýeterli bolmagynyň adalatly, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almaga esaslanan ählumumy we sebit ulgamlaryny döretmek boýunça halkara tagallalaryny utgaşdyrmaga suw diplomatiýasynyň esasy maksady hökmünde garaýar.

Biziň ýurdumyzda daşky gurşawy, ekologiýany goramaga uly üns berilýär. Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalaşygyny gazanmakda görýär. Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň esasy wezipeleriniň biri BMG-niň derejesinde syýasy hukuk häsiýetli hemmetaraplaýyn resminamany — BMG-niň suw strategiýasyny işläp taýýarlamagy öňe sürmekdir.

Aral deňzini halas etmek, Aral sebitiniň durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri uzak ýyllaryň dowamynda üns berilmegini, çözülmegini talap edýän ekologik mesele bolup durýar. Türkmenistan bu ekologiýa howpunyň netijelerini azaltmak ugrunda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň meýilnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ol işler Aral sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak, serhetýaka suw serişdelerini bilelikde dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek, Aral ýakasynyň ykdysady we durmuş taýdan ösmegine ýardam etmek ýaly ugurlar bilen baglydyr. Aral boýunça BMG-niň Merkezi Aziýa suw strategiýasynyň taslamalary we Ýörite maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň Durnukly ösüş boýunça 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin sammitinde, Ýaponiýada geçirilen Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Bütindünýä maslahatda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda, işlenip taýýarlanyldy.

Merkezi Aziýada suw meseleleri möhüm, käbir ýagdaýlarda bolsa, sebit özgertmelerini ösdürmegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. Şeýle şertlerde ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak maksady bilen sebitiň döwletleriniň netijeli gatnaşyklary üçin diňe sebit ylalaşygy kabul ederlikli binýatdyr. Bu bolsa, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda açmak hakynda milli Liderimiziň teklipleriniň möhümdigine şaýatlyk edýär.

Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täzeçil ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleler bu günki gün dünýä ähmiýetli örän wajyp meselelere öwrüldi. Ykdysady we durmuş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler adamlaryň durmuş derejesiniň abadançylygynyň möhüm şertini emele getirýän ekologiýa meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Döwletmyrat HAJYÝEW,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy