SÖHBETDEŞLIK

Suhan Orazberdiýew: — “Bagşy bolma, ýagşy bol!”

Gazet sahypalarynyň birinde Kerim Gurbannepesowyň “Edebiýat we durmuş” atly kitabyndan çap edilen “Öz okyjyň öňünde öz jogapkärligiňi duýmak, ony sylamak, onuň her bir minudynyň gyzyl ýaly gymmatdygyny hemişe göz öňünde tutmak, ine, şu sypatlar ýazyja  mahsus bolmaly ilkinji sypatlar bolsa gerek. Şeýle sypatyň özi-de ýazyjynyň zehinlidigine güwä geçýär” diýen setirler aýratyn ünsümi çekdi. Has dogrusy, oýlandyrdy. Şahyryň bu ajaýyp setirleri diňe ýazyjy ýa şahyr üçin däl-de, eýsem, döredijiligiň ähli ugruna bagyşlanan ýaly. Muňa ýakynda Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolanymyzda hem göz ýetirdik. Diňleýjisini diňe aýdym aýdan pursatynda owazyna bendi etmän, soňlugy bilen özüne kökermegi, aýdymynyň yzyna düşürmegi başarmak Suhanberdi Orazberdiýewiň sungatyna mahsus sypatlar bolsa, onuň durmuşdaky häsiýeti hem döredijilik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Eýsem, bu ussadyň içki dünýäsiniň, sungatynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşaýyn diýseňiz, onuň bilen guran söhbetdeşligimizi okaň!

 — Suhan aga, siziň ýerine ýetirýän “Gumly gelin”, “Men seni söýýärin”, “Ýelpeselendi”… ýaly aýdymlaryňyzy söýüp diňleýäris, hat-da köpümiz ýatdan bilýäris. Size meşhurlyk getiren bu aýdymlar, galyberse-de beýleki aýdymlaryňyzyň islendigi millilikden gözbaş alýar. Olary diňledigiňçe, halkymyzyň milli ruhuna, däp-dessurlarymyza söýgimiz artýar. Diňleýjisinde şeýle duýgulary döredýän aýdymlaryňyzyň ýerine ýetirijisine täsiri nähili?

— Türkmen halky şahandaz, toý-baýramly halk hökmünde dünýä özüni tanatdy. Bilýänsiňiz, “Şükür bagşy” kinofilminde hem aýdym-sazyň üsti bilen, parahatçylykly ýol arkaly ýeňiş gazanylýar. Bu ýöne ýerden däl. Sebäbi biziň aslymyzda hoşniýetlilik, agzybirlik, ynanyşmak, myhmansöýerlik, goňşular bilen dost-doganlykly, ýagşy niiýetli gatnaşyklary saklamak ýaly milli häsiýetler bar. Şeýle ajaýyp häsiýetlerimiz biziň sungat eserlerimizde hem öz beýanyny tapýar. Taryhy eserlerimiziň islendiginiň içinden, türkmeniň milli ruhy häsiýetleri eriş-argaç bolup geçýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz hem türkmeniň şol asylly däpleriniň dowamyny ýokary derejede dünýä äşgär edýär. Halkymyzyň aňyrdan gelýän milli gylyk-häsiýetlerine belent sarpa goýup, ösüşli-özgerişli menzillerde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň her ýyly özüne mynasyp şygar bilen atlandyrmagy hem subutnamadyr. Ynha, bu ýyl “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda zähmet çekýäris, döredýäris. Her ýyla ýagşy at dakmagyň özi, eýýäm gowulykdan nyşan. Parahatçylyk hem, ynanyşmaklyk hem adamzada gerek. Şonuň üçin biz dünýä nusgalyk işler diýýäris.

Men 1998-nji ýyldan bäri türkmen sahnasynda. Şondan bäri-de ýurdumyzda geçirilýän toý-dabaralarda aýdymlarym bilen çykyş edip gelýärin. Dünýäniň köp ýurtlarynda saparlarda bolduk. Şol ýerlerde medeniýetimizi, sungatymyzy   milliligimiziň üsti bilen beýan etdik. Daşary ýurduň raýatlary biziň milliligimiziň aşygy. Salamymyzdan başlap, hereketlerimiz, eşiklerimiz, birek-birek bilen gatnaşygymyz, mahlasy milli häsiýetlerimiziň ählisine olaryň hormaty, sylagy uly. Olar aýdym-saz sungatymyzyň çuňňurlygy bilen bize baha berýärler. Şoňa özüm göz ýetirdim. Şonuň üçin estrada ýa-da halk aýdym bolsun, tapawudy ýok, ilki bilen, milliligimizi ýatdan çykarmaly däl, gaýta ýaşlara başardygymyzdan öwretmeli. Estrada-da aýdylanda-da hökman milli aýdymlarymyzyň tagamy gelip gitse ýerine düşýär.

2000-nji ýylda Hindistanyň Deli şäherinde Baýram hanyň 500 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabara gatnaşyp, hindi aýdymçy-sazandalary bilen çykyş etmek miýesser etdi. Bu dostlukly döwletiň sungaty bilen ýakyndan tanyş bolanymda gaty kän zatlary öwrendim. Sebäbi olaryň hem sungaty dünýä belli. Ýöne şol ýerde türkmen sungatymyzyň olaryňkydan beýik bolmasa pes däldigine göz ýetirdim. Dabarada hindiler öz kinofilmlerinden dünýä meşhur, milli aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Men göni olara goşulyp gidenimi duýman galypdyryn. Sebäbi aýdymçylarymyz haýsy halkyň aýdymlary bolsa-da aýdyp bilýär. Özüm rus, türk, azerbaýjan, gyrgyz… halklarynyň aýdymlaryny öz dillerinde ýerine ýetirip gördüm. Ýaňky dabarada öz çykyş etmeli nobatymda “Gijeler” atly aýdymy aýtdym welin, hindilerem goşulyp, hiňleniberdiler. Sözlerine düşünmeseler-de sazyny çaldylar. Türkmen halk aýdymlaryndan aýtdym welin, hindilere goşulmak eýgertmedi. Ana, şonda halkymyzyň sungatynyň çuňňurdygyna, aňyrdandygyna hem çylşyrymlydygyna göz ýetirdim. Türkmen bolup ýaşamasaň, türkmeniň çölüniň howruna çoýunmasaň, dag çeşmesiniň suwuny içmeseň, howasyndan dem almasaň, tutumly toýlarymyzy görmeseň, halkyň içinde ýaşamasaň halk aýdymlarymyzy aýdyp bilmegiň mümkin däldigine şaýat boldum. Ony ýerine ýetirmek üçin hökman türkmen bolmaly. Şonuň üçin biziň şeýle ýokary derejedäki, gaýtalanmajak, gymmatly baýlygymyz — sungatymyz bardygyna buýsanýaryn.

 — Aýdymlarymyz biziň äheňimizde ýöne daşary ýurt dilinde ýerine ýetirilse nähili ýaňlanar?

— Menem şol pikirde gezip ýörün. Türkmen sungatymyzyň beýikligini, nusgawy kompozitorlarymyzyň bardygyny bilmeýän adam ýok. Aýdymlarymyzy daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirmeklik türkmen sungatynyň dünýädäki abraýynyň mundan hem beýläk artmagyna goşant goşar. Türkmen heňlerimizde ilki bilen iňlisçe, soňra türkçe aýdasym gelýär. Türki dilinde gepleýän halklara biziň heňlerimizi, nusgawy kompozitorlarymyzyň sazlaryny tanyşdyrmaga, dünýä halklarynyň kalbyna siňmäge ýol bolar diýip pikir edýärin. Küştdepdimiziň gazallaryny daşary ýurduň sungat ussatlary joşgun bilen ýerine ýetirýärler. Bu biziň üçin gaty buýsandyryjy. Bizem şol ýakymy olara berip, aýdymlarymyzy olaryň dillerinde ýerine ýetirsek täsiri başgaça bolar.

Germaniýa döwletinde saparda bolanymyzda ol ýerde ýaşaýan türkmenler dillerini ýitirmejek bolup bir birleri bilen telefon arkaly köp gürleşýän ekenler. Her gezek gürleşenlerinde „salawmaleýkim” diýip, begenip salamlaşýarlar. Ana şoňa üns berdim. Öýlerine barýaňam welin, hökman dulunda asylgy duran dutar bilen türkmen halysyny görmek bolýar. Olar başga ýurtda ýaşasalar-da milli gymmatlyklarymyzy hemişe ýanlarynda saklamaklary bizi buýsandyrýar. Kakam aýdym-sazy gowy görensoň, çaga wagtym öýümize kän halypalar gelerdi. Şol döwürler biz ýaňy 5-6 ýaşyndaky çagadyk. Bize geljekde sazanda bolsun, türkmeniň asly ýaly edermen, ýüregi ýuka, päk adam bolsun diýen niýet bilen, dutaryň sapyny dişledýärdiler. Sebäbi şonuň sarsgyny dişiň üsti bilen beýniňe geçip saza bolan ukybyňy artdyrýar.

— Suhan aga, çagalyk döwrüňizi ýatladyňyz. Söhbetdeşligimizi aýdym-saz sungatyndaky ilkinji ädimleriňiz dogrusyndaky gürrüňler bilen dowam etsek!

— Çagalykda her kim ulalyp, bir käriň eýesi bolmagy arzuw edýär. Men çagakam, aýdym-saz nirede ýaňlansa şo ýerde bolýan ekenim. Aglap duran wagtym, aýdym-sazyň sesini eşitdigim, aglamagymy goýup, gulaga öwrülip diňleýän ekenim. Özümi bilip başlanymdan soňra-da obalarda toý bolsa ylgap baranymy bilmän galýardym. Toý ýerden çagalaryň hemmesi gaýtsa-da, aýdymçy tä iň soňky aýdymyny aýdyp gutarýança diňläp durardym. Maşgalamyzda 4 oglan iki gyz bolup ulaldyk. Men iň körpesi. Olardan köpüň öňüne çykan sungat adamsy ýok. Ýöne maşgalamyz aýdym-saza sarpa goýýan ynsanlar. Kakam gürrüň bererdi atam gargy tüýdügi ussatlyk bilen çalar eken. Kakam hem käri lukman bolsa-da, işinden boş wagtlary mandalina saz guralyny çalardy. Döwürdeş bagşylar bilen dostlukly gatnaşyklary saklardy. Öýümize bagşy çagyryp, olar bilen ýakyndan didarlaşmagy, aýdym-saz sungaty hakynda söhbet edip,  aýdym diňlemegi gowy görerdi. Kakamyň dosty bagşy Amanmyrat Saryýew, meşhur sazanda Atabally Hojaýew, aýdymçy Myrat Gulmyradow, Annaoraz Nazarow, Täçmuhammet Myradow, Şirmyrat Gurbanow dagy öýümize kän gelerdiler, aýdymlaryny diňlärdik. Halypalaryň aýdymlary henizem gulagymyzda ýaňlanyp dur. Kakamyň agam Setdary sazanda etmek niýeti bardy. Setdar çagalar sazçylyk mekdebiniň dutarçylyk bölüminde okady. Şol ýerde öwrenen ilkinji sazyny öýe gelip çaldy welin, menem ýanyndan aýrylman diňledim. Mekdepden gelip agamyň her günde çalýan sazlaryny üns bilen diňleýärdim. Heniz kiçi bolanym üçin, döwer öýdüp elime dutar berenokdylar. Menem öýdäkilerden ogrynça, hiç kim ýokka dutary alyp agamdan diňlän sazlarymy ýadymda saklap çalýardym. Entek dutar çalmagy öwrenmänkäm “Nar agajyny” eşidişim boýunça çalypdym. Saz çalamda dutar bilen boýum deňdi. Kakam gizlin saz çalýanymy bilip, menem sazçylyk mekdebine okuwa ýerleşdirdi. Özüme dutar alyp berdi. Şeýdip, 3-nji synpdan başlap, agam bilen sazçylyk mekdebine bile gatnap başladym. Ol menden iki synp uludy. Ol ýerde Ýazgylyç mugallym dutar çalmagyň ilkinji ädimlerini, inçe syrlaryny öwretdi.

— Aýdyma aýtmaga haçan başladyňyz?

— 3-4-nji synpdakam tomusky dynç alyş möwsüminde Çagalar sagaldyş we dynç-alyş merkezine gidenimizde ol ýerde hereket edýän aýdym-saz gurnagyna gatnaşýardym. Etraplaryň çagalar sagaldyş we dynç-alyş merkezleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde aýdym aýtdyrýardylar. Köplenç hem birinji orny eýeleýärdim. Her dynç güni oba medeniýet öýi konsert guraýardy. Şonda halypalaryň arasynda maňa-da aýdym aýtdyrýardylar. Şol ýerde ilkinji diňleýjilerim peýda bolup başlady. Çykyşlaryma agalarym janköýerlik edip, goldaýardylar. Maşgalamyzyň goldawyndan ruhlanyp, täze aýdymlary aýdasym gelýärdi. Diňleýjilerim köpledigiçe-de aýdymlaryň sany hem köpelip ugrady. Soňlugy bilen men-ä aýdym-saza ymykly ykbalymy bagladym, Agam Setdar sungaty däl-de hukuk goraýjylyk kärini saýlady.

 — Size çagalykdan halypalaryň birnäçesi bilen ýakyndan didarlaşmak miýesser edipdir. Olar sungat ýolunda öz maslahatlaryny berendirler!

— Ilkinji halypam halk arasynda Bally Hajy ady bilen tanalýan Täçmuhammet Hajyýewi obamyza toýa gelende birinji gezek ýakyndan görüpdim. O wagt men ylgap ýörenje çaga bolamsoň, bagşy gelendigini bilýän, ýöne oňa Bally Hajydyram öýdemok. Şol toýda halypa ýanyna sazandalaryny alyp, akkardeon çalyp, obanyň içinde pyýada ýöräp, gelnalyjyny garşy alypdy. Egninde-de gyzyl köýnegi bardy. Gelnalyjy gelenden soňra märekä aýdymlary bilen hezil berip, toý şowhunyny artdyrypdy. O döwür Bally halypanyň ýaş wagtlarydy. Özüniň görmegeýligi ýaly aýdymlaryndan hem diňläp ganyp bolmazdy. Şol toýdan soňra kakam ulag edindi. Oňa-da aýdym-saz diňlenilýän enjam (magnitofon) oturtdy. O mahallar Bally hajynyň aýdymlary ýörgünli bolansoň, onuň ses ýazgysyny (kaseta) satyn alyp gelip magnitofonda aýtdyrypdy. Menem onuň Bally Hajydygyny bilmän, sesinden tanap, ana meniň toýda diňlän aýdymçym diýdim. Şonda toýda gören aýdymçymyň Bally Hajydygyny bilip galdym. Kakam öň Öwezgeldi Tekäni diňleýän bolsa, soňra: “Şu oglanam süýji aýdýan eken” diýip, Bally Hajyny köp diňläp ugrady. Bizem şondan soňra Bally Haja ýykgyn etdik. Onuň albomy çyksa birinji bolup alýardym-da, derrew ýat tutýardym. Maşgalamyz bolup aýdymlaryny söýüp diňleýärdik. Ýaşlyk döwrümiz onuň aýdymlarynyň astynda geçdi. Bally halypa meňzemek gaty kyndy. Halk aýdymlaram, liriki aýdymlaram ýokary derejede, ussatlyk bilen aýdýardy. Men-de şoňa meňzäsim gelýärdi, onuň ýanyna barmak höwesim bardy. Uly agam Hekim hem onuň janköýeridi. Özem gaty dile çeperdi, dilewardy. Şonuň üçin agam käte obada toýlarda alypbaryjy hem bolardy. Bally Hajynyň baran toýlarynyň birinde Hekim toýy alyp barmaly bolupdyr. Toýdan soňra Bally halypa agamy ulagynda öýe alyp gaýdýar. Hekim ýolda Bally Haja men barada gürrüň berip, aýdym aýdyp başlandygymy, meni ýanyna eltjekdigini aýdýar. Ol hem kabul edýär. Şondan soňra agam meni Bally Hajynyň ýanyna alyp gitdi. Şol gün halypa toýdan ýadap gelen ekeni. Salamlaşanymyzdan soňra agam oňa şägirt bolmak isleýändigimi aýtdy. Bally Hajy: “Hekim jan, diýýäniň gaty dogry, jigiň şägirt bolmaga höwes edýän bolsa gowy iş edýär.Ýöne men haçan öwredeýin?” diýip, boş wagtynyň ýokdugyny aýtdy. Öňkim ýaly, ýazgylaryny alyp köpräk diňlemegimi maslahat berdi. O mahallar men ýaňy bir oglanlykdan saýlanyp ugramsoň, gaty görüpdim. Halypanyň diýenlerine özümiz ulalyp, şonuň ýaşyna ýetemizsoň göz ýetirdim. Sebäbi boş wagtyňda-da täze aýdymyň gözleginde bolýan ekeniň. Asyl görüp otursak, sungatyň aňyr çägi ýok ekeni. Biziň gözümize halypalar sungatyň aňyrsyna çykan adamlar ýaly görünýärdi. Olar şol wagtam gözlegde ekenler. Bally halypa bilen duşuşygymyzdan soňra onuň aýdymlaryny diňlemegimi hasam ýygjamlatdym. Halypa nähili aýdym döretse ilkinji diňleýjilerinden bolduk. Onuň ýazgylarynyň üstünden öz sesim bilen aýdyp görýärdim. Halypanyň aýdymlaryny birneme belendiräk heňlerde aýdanymda sesime laýyk bolýardy. Onuň bilen kän toýlarda gabatlaşýardyk. Orta mekdebi tamamlanymdan soňra özüm hem toýlarda aýdym aýdyp başladym. Halk içinde aýdymçy bolup tanalyp ugramdan soňra, Bally Hajy bilen köp toýlarda bile çykyş etmek miýesser etdi. Halypa meni gördügi: “Owadan sesiň bar, düşnükli aýdýaň, şu arassalygyňy elden giderme, saňa ynamym uludyr!” diýip sargardy. Kakam aýdym-sazy gowy görse-de, aýdymçy bolanymy ilkibaşda kän bir göwnemedi. Bagşylar kakamyň ýanyna gelip: “Nurberdi aga, şu ogluňda zehin bar, oňa garşy bolma” diýenlerinden soňra kakam aýdym-sazyň ymykly hemrama öwrülendigine düşündi. Kakam halypalara meňzäp, nusgawy bagşy bolmagymy ündeýärdi.

Durmuş toýuny tutanymyzda Bally halypa aýdym aýdypdy. Bagtly günümde halypamyň kakamy ýanyna çagyryp: “Nurberdi aga, şägirdim Suhan janyň ýüreginiň arassa bolşy ýaly, ömür ýoly hem açyk bolsun!” diýip, eden ýagşy arzuwlary henizem gulagymda. Bally halypa ýaňy bir halypa-şägirt bolup gatnaşyp başlanymyzda aramyzdan gitdi. Ol bize sungat hem durmuş ýolunda köp zatlary öwretdi. Ondan ýene-de öwrenmeli zatlarymyz kändi. “Ýamaha” saz guralyny ilkinjileriň biri bolup çalan Bally halypa onda dürli görnüşli heňleri ussatlyk bilen ýerine ýetirerdi. Meniň estrada aýdymçysy bolmagyma halypamyň uly goşandy bar.

1991-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz mugallymçylygy fakultetiniň hor orkestriniň dirižýorlygy hünärine okuwa girdim. Bu ýerde-de ussat halypalardan tälim aldym. Hünärimiziň inçe tärlerini öwrenmekde halypa mugallymymyz Gurban Babaýewden sapak berdi. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, kompozitor Rejep Rejepow, başga-da birnäçe ussatlar bize halypalyk edip, aýdym-sazyň bize mälim bolmadyk syrlaryny öwretdiler, gymmatly maslahatlaryny berdiler. Konserwatoriýany tamamlap, obamyzdaky medeniýet öýüň müdiri bolup işe başladym. Bu ýerde-de halypalaryň birnäçesi bilen ýakyndan işleşmek miýesser etdi. Halypa aýdymçy Gurban Gummanow bilen işleşen döwrümde ondan köp zatlary öwrendim. Medeniýet öýünde bir ýyl işlänimden soňra etrabymyzyň 5-nji orta mekdebine aýdym-saz mugallymy bolup işe geçdim. 2001-nji ýylda meni Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatry açylanda sahnalaşdyrylan “Saýatly-Hemra” spektaklynda çykyş etmäge Aşgabada çagyrdylar. Spektaklda baş keşbi — Hemranyň keşbini janlandyrmagy teatryň režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow maňa ynandy. Sahnada ilkinji gezek keşp janlandyrýandygyma garamazdan, spektakl şowly çykdy. Hemranyň keşbini tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Her saparky spektaklymyz köp adamly bolýardy. Teatrda zähmet çekip, dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşbini janlandyrmak durmuşymda täze bir dünýäni açdy. Ol dünýäniň özboluşly gyzygy bar eken. Sazly-drama bolansoň spektaklyň esasy süňňüni aýdymlaryň eýelemegi, olaryň janly görnüşde ýerine ýetirilmegi sahna ýüregiň bilen berilmäge, içiňdäki joşgunyňy hereketleriň üsti bilen beýan etmäge ruhlandyrýan eken.

Teatrda 2006-njy ýyla çenli zähmet çekdim. Soňra yzyma etraba gaýtdym. 2014-nji ýylda Aşgabada gelip, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde işe başladym. Häzirki wagta çenli şu ýerde zähmet çekip gelýärin.

Aýdymçy aýdym hakynda

Awtordan: Suhan Orazberdiýew diýlende ilki bilen “Gumly gelin” aýdymy ýadyňa düşýär. Bu aýdymyň döreýiş taryhy köpümizi gyzyklandyrýandyr. “Gumly gelin” dogrusynda aýdymçy şeýle gürrüň berdi:

— Doglan ýerime öň düýedarçylyk sowhozy diýilýändigi üçin „Gumly gelin“ aýdymyny düýedarçylykdan bolanyň üçin aýtdyňmy diýip, köp kişi soraýar. Sebäbi obamyzda ähli hojalyklarda diýen ýaly düýe saklanýardy. “Gumly gelin” aýdymyň baş gahrymany — Aknabat Janakowa ýaşap geçen şahsyýet. Ol   hojalygynda düýe saklaýan eken. Kerim Gurbannpesow gumly gelin barada goşgy ýazypdyr. Oňa kompozitor Aman Agajykow aýdym döredipdir. Ony fortepianonyň gapdalynda ilkinji bolup Goçmyrat Halmyradow ýerine ýetirýär. Bu aýdymy men 1999-njy ýylda işledim. Işlemezimden öňürti Aman Agajykow bilen jaňlaşdym. Notasyny bermegini haýyş etdim. Aman aga: “Aýdymy entek nota geçirmändim, diňe fortepianonyň gapdalynda aýdyldy, özüň ýazaý” diýip rugsat berdi. Menem saz gurallar bilen aýdymy täzeçe öwüşginde işledim. Bu aýdymy ýerine ýetirenler asyl nusgasyndan daşrak, sözlerini ýoýup aýdypdyrlar.  Men gönümel kitaba salgylanyp aýtdym. Şeýdibem, aýdym ýerine düşdi, diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazandy. Baran ýerimde “Gumly gelini” aýtmagymy haýyş edensoňlar repertuarymda esasy orny eýeledi.

Islendik aýdymy işlejek bolanyňda ilki bilen manysyna düşünmeli. “Gumly gelin” barada kän zat aýdyp bolar. Bu aýdym Beýik Watançylyk urşy döwründe hojalygyny saklap, gaýrat görkezen türkmen zenanyna bagyşlanan. Ýaňy durmuş guran zenanyň ýoldaşy gulluk borjuny ýerine ýetirmäge gidende uruş başlaýar. Geliniň ýoldaşy düýe çopan eken. Yzynda ýeke galan gumly gelin ýoldaşynyň ýoklugyny bildirmän, çopan goşunyndaky düýelere seredýär. Gökdepe etrabynda beýik Ýeňşe bagyşlanan dabaralaryň birine döredijilik işgärlerinden ybarat topar gatnaşýar. Şol toparda şahyr Kerim Gurbannepesow hem bar eken. Çäre tamamlanandan soňra özaralarynda gumly geliniň gürrüňi gidýär. Şol ýerden 30 km çemesi aňyrda guýuly ýerde maşgalasynyň yzyny saklap oturan gaýratly, düşünjeli, sungata-da sarpa goýýan zenan maşgalanyň ýaşaýandygyny, onuň yssy-sowuk diýmän ýoldaşynyň ornunda durup düýelere seredýändigini gürrüň berýärler. Şonda Kerim aga gumly geline bagyşlap:

Gum iline düşdüm myhman,

Saçak açdy gumly gelin… —

diýip, goşgynyň ilkinji setirlerini ýazýar. Gumly geliniň myhmansöýerdigini, öýüne näçe adam myhman gelse-de, söwüş bilen garşylap, öňünde durup bilýändigini Kerim aga ussatlyk bilen goşga geçirýär. Käbir adamlar bu aýdyma begençli aýdym diýip düşünýärler, ýöne üns berip diňleseň gynançly aýdym. Goşgynyň:

…Bir seretseň, gülüp bakan,

  Bir seretseň, gamly gelin

diýen setirlerinde gam-gussasyny basyp bilýän,  kynçylyklaryň öňünde mertlik bilen durup bilýän türkmen zenanynyň nusgalyk keşbi suratlandyrylýar. Diňleýjileriň käbiri gumly gelini ýaş diýip göz öňüne getirýärler. Ýöne ol durmuşyň kynçylyklaryny göre-göre ýaşlanan zenan. Aýdymy işlänimde sazyna şol gynanjy berdim. Bu aýdymy Tirkiş Orazow bilen bile ýazgy etdik. Şonda Tirkiş Orazow: “Şu aýdym sahnadan düşmez, saňa abraý getirer” diýipdi. Aýdyşy ýaly, bu aýdymy häzirem halkymyz söýüp diňleýär, ýyl geçdigiçe diňleýjisi artýar. Bu aýdym meni Şa serpaýynyň eýesi etdi.

Aslynda, Kerim Gurbannepesow islendik goşgusyny durmuşy äheňde ýazypdyr. Haýsy eserini alsaň-da oba durmuşy göz öňüňde janlanýar. Säher bilen Günüň dogşuny, goýunlaryň mäleşip suwa barşyny, daň agarmanka gelin-gyzlaryň düýe sagmaga çykyşyny… umuman, oba durmuşynyň ähli gözelliklerini göz öňüňe getirýär. Goşgularyny okanyňda oba baryp gelen ýaly bolýarsyň. Her kimiň dogduk mekanyny, ýaşlygyny ýadyna salýar. Şahyryň şygyrlary ýürege ýakyn bolansoň, olara döredilen aýdymlar hem halkyň içinde söýlüp diňlenýär. “Gumly gelin” goşgusynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gelin-gyzlarymyzyň görkezen edermenligini, ojagyna wepalylygyny şahyryň ýokary derejede suratlandyrmagy ähli döwürde-de ýaşlarymyza görelde alarlykdyr.

„Gumly gelin” aýdymym 2007-nji ýylda şekile geçirildi. Teleýaýlymyň işgärleri aýdymy şekile geçirmek üçin, asyl nusgada ýerine ýetirilenini gözlänlerinde, meňkini gowy görýärler. O wagtlar obalarda döredijilik saparlarynda bolamsoň, ses ýazgym esasynda aýdymy şekile geçirýärler. Bu şekilli aýdym şahyryň wasp edýän türkmen zenanynyň milli durmuşyny ussatlyk bilen görkezýändigi üçin halkymyzyň gyzgyn söýgüsini gazandy. Kerim aga goşgyny ýazanda ýanynda kärdeşi Ilmyrat Pudakow hem bar ekeni. Goşgynyň manysyna göz ýetirmek üçin, teleýaýlymyň işgärleri bilen Ilmyrat aganyň öýüne bardyk. Ilmyrat agadan goşgynyň:

…Çep ýaňagy meňli gelin…

diýen setiri hakynda soradym. Ilmyrat aga Gumly geliniň myhman gelýär diýip, odun döwjek bolanynda, odunyň çalaja ýaňagyny çyzyp, menek goýandygyny, Kerim şahyryň oňa meňdir öýdüp goşgusynda “meňli gelin” diýendigini gürrüň berdi. Ýene-de Ilmyrat agadan goşgynyň:

…Çanagynda bekre balyk…

diýen setiri hakynda soradym. Ilmyrat aga gumly geliniň öýüniň hemişe gelim-gidimli bolandygyny, çar tarapdan myhmanlaryň düşläp geçendigini, olar üçin saçagyny giňden ýazyp garşylandygyny gürrüň berdi. Gumly geliniň öýüniň deňesinden geçýänler, hökman ýolugra onuň düýe çalyndan içip ýoluny dowam edýän ekenler. Gökdepäniň merkezinden çölüň içine 30 km çemesi ýöräniňde gumly geliniň ýaşan ýerini, öýüniň ýanyndaky guýusyny görmek bolýar. Ol ýerde düýeler häzir hem bar. Özüm hem düýe çalynyň, agaranynyň aşygy bolamsoň Gökdepeden getirip içýärin.

 — Düýedarçylyga ýöriteleşen obada dogulmagyňyza görä, bu ugurda tejribäňiz köp bolmaly.

— Hawa, obamyz düýedarçylyk sowhozy bolany üçin köp hojalyklarda düýeler saklanýardy. Biziň hem düýelerimiz bardy. Kakam ýörite gyzyklanyp, ilkinji bolup çal gaplaýjy kiçiräk kärhana açdy. Ol ýerde çaly çüýşelere gaplaýardyk.  Kakamyň käri lukman bolansoň, düýe çalynyň, süýdüniň saglyga täsirine, has-da dem alyş ýollaryna peýdasyna gowy düşünýärdi. Şonuň üçin, inçekesel hassahanasyny düýe çaly bilen üpjün edýärdi. Kärhanamyzyň işine ejem, gyzlar bilen kömek edýärdi. O döwürler biz çagadyk. Ejemiň taýýarlan çalyny içip doýup bolmazdy, ondan birinji bolup men içýärdim. Çalyň gowulygy onuň arassa saklanyşyna bagly bolýar. Düýe saklaýan hojalyklardan: “Pylanyň çaly” diýdirýänleri bardy. Ejem daga düýe saganda kömekleşýärdim. Şonuň üçin çagalykdan düýeleriň häsiýetine belet boldum. Olaryň ýuwaşy sagaňda depirjiklemän durýar. Beträk düýe bolsa sagyljak wagty aýagynyň ýüpünden saklaýardym. Güýjüň gowşakdygyny bilse hezil bermeýär. Ýaş düýe sarç bolansoň, oňa sagym öwretmeli bolýardy. Oglankam ýöräp barýan düýäniň üstüne münübilýärdim.

Düýe  çalynyň tagamy, onuň ýandak iýşine-de bagly bolýar. Ýyl gurak gelse ýandak köp bolýar. Sebäbi ýandagyň köki 15 m aşakdaky ýerasty suwlaryndan iýmitlenýär. Ygal köp ýagsa ýandak çykanok. Sebäbi syrkyn köp çykýar-da, ýandaga kölege berýär. Täjigistana türkmenleriň ýaşaýan Ýylyköý obasyna gidenimizde ýurdumyzyň etraplarynyň birine baran ýaly bolduk. Bu ýerde ýandak kän eken. Ol ýeriniň howasy hem düýe saklamak üçin amatly eken. Ýöne olarda düýe bolmansoň, ýandagy goýuna berýän ekenler.

Çagalygymdan düýe çaly, agarany bilen ulaldym. Düýäniň botlaýan wagty çaly tagamly bolýar. Torum bolansoň süýt azajyk turşaýar. Şoňa gabat gelende çal bolmaýar. Düýe maly iki ýyldan bir gezek köşekleýär. Ýylyň islendik wagty çalyň  bolmagy üçin, köplenç, hojalyklarda iki düýe dagy saklanylýar. Fewraldan sentýabra çenli çal has gowy bolýar. Hasam owuz süýdiniň tagamy-da, ýokumy-da başgaça bolýar. Düýe süýdünden, esasan, balgaýmak, çalyndan gurt edilýär. Balkan tarapda düýäniň süýdüni goşup, süýtli çaý içilýär. Sygryň süýdünden tapawutlylykda düýe süýdi çal, agaran üçin bişirilmän, çigligine ulanylýar. Agaran gowy bolanda çemçe batman, göni durmaly. Ak maýa düýesi saglan badyna, süýdüniň gyzgyny gitmänkä içseň aşgazana peýdaly. Änew tarapda Öňaldy diýen oba bar. Ol ýerde düýeler köp saklanylýar. Käwagt şol obanyň düýe çalyndan içip gaýdýaryn.

Ýegeniňiz Şamyrat Artykow bilen saýtymyz üçin söhbetdeş bolanymyzda, ol siziň: “Aýdymy ýerine ýetirýäniň özüni diňläp öwren. Şonda aýdymy ýoýman, hasabyny ýalňyşman aýdarsyň” diýip sargaýandygyňyzy aýtdy. Hasaby ýalňyşmazlygyň aýdym-saz sungatynda ähmiýeti nähili?

— Şamyrada ilki bilen berýän maslahatym aýdymy ýerine ýetirmänkäň asyl nusgasyna seret diýýärin. Sebäbi “Altyň biri” atly aýdymy ýerine ýetirenimde: “…Içiň diýdi ýylgyrjyrap” diýip aýdýardym. Soň görüp otursam bu setiri ýalňyş aýdýan ekenim. Ony maňa ýaşulularyň biri aýtdy. Ilkibaşda özümiňki dogrudyr öýdüp, ýaşula ýeň bermedim. Kitapdan seredip görsem: “Ýygryljyrap” eken. Şondan soňra ýalňyşymy düzetdim. Diňleýjileriň içinde aýdymlaryň sözlerini ýatdan bilýänler, ýa-da ses ýazgylarymda: “pylan aýdymyňdan soň pylan aýdym gelýär” diýýänleri bar. Şonuň üçin ýerine ýetirýän eserleriňe jogapkärçilikli garamaly. Şamyrada-da aýdymyňdan ýalňyş tapmasynlar, aýdym näçe dogry boldugyça, ömri uzak bolýar diýýärin. Aýdym aýdanyňda ölçegi artyk ýa-da kem bolmaly däl. Kwantizasiýa girmeli. Bokurdagyňda edýän gaýnawlaryň hem ýerinde bolmaly. Aýdymy işlänimden soňra diňleýjilere ýetirmäge howlugamok. Halypalara diňledýärin. Ýalňyş giden ýerleri bolsa düzedýärin. Howlugyp döredilen aýdymda ýalňyş gitse soňra ýüregiňe dürtülip durýar. Nämä üçin şeýtdimkäm diýýärsiň. Meselem, halyçy dokan halysynyň çitimini ýalňyşsa, söküp düzetse bolar. Suratkeşiň çeken suratynyň bir ýeri göwnüne ýaramasa öwüşgin berse bolar. Ýöne aýdym köpçülige ýaýransoň düzedip bolmaýar. Aslynda, sungatda ilkinji nobatda tebigy zehin gerek. Onuň üstüni sähelçe zähmet bilen hem dolduryp bolýar. Esasy aýdymy ýürekden ýerine ýetirmeli. Şonda diňleýjileriň kalbynda ömürlik ýaşaýar. Bu maslahatlary diňe Şamyrada däl, beýleki ýaş zehinlere-de aýdýaryn.

Ýakynda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda, ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirýän halypalaryň arasynda siziň hem adyňyzy agzap geçdi. Şeýle-de, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň, paýtagtymyzyň döredilen gününiň 140 ýyllygyna gabat gelýändigini belläp, bu şanly seneler mynasybetli döredijilik işgärleriniň arasynda Aşgabady wasp edýän aýdymlary döretmek boýunça bäsleşik geçirmegi tabşyrdy. Halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýän, paýtagtymyzy wasp edýän aýdymlaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

— Hormatly Prezidentimiziň halypalar bilen bir hatarda biziň hem adymyzy agzap geçmegi biziň göwnümizi öňküden-de joşdurdy. Medeniýete, sungata belent sarpa goýýan, kalby ylhamly Gahryman Arkadagymyzyň biz döredijilik işgärleri üçin edýän aladalary başymyzy göge ýetirýär, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Ilkinji ýerine ýetiren “Aşgabat” atly aýdymymyň sözleri Baýram Mämmedowyňky, sazy Şirmyrat Gurbanowyňky. Bu aýdymy “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ýerine ýetirip, ýeňiji boldum. Aýdymy döretmänkäk, Şirmyrat halypa bilen maslahatlaşdyk. Paýtagtymyzyň ak mermere beslenýän gözelligini ajaýyp setirlerde wasp edip goşgy ýazyp bermegini Baýram şahyrdan haýyş etdim. Aýdymy diňleýjiler gyzgyn garşylady. Häzire çenli hem söýlüp diňlenilýär. Aşgabat hakynda ýene-de bir aýdym döretdik. Onuň sözleri Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyňky, sazy Atamyrat Bäşimowyňky. “Sende köňül ýazym, jan Aşgabadym!..” diýen setirler bilen başlaýan aýdymym şowly çykyp, diňleýjileriň göwnünden turdy.

“Bagşy bolma, ýagşy bol!”

— Meşhur bolmak nähili duýgy?

— Çagalykdan her kim bir käre höwes edýär. Men aýdym-saza ýykgyn etdim, ýöne meşhur bolup, halkyň söýgüsini gazanaryn öýdüp pikir etmändim. Diňe toýlara çykyp aýdym aýtmak iň uly arzuwymdy. Bu günki günde döredýän eserlerimiz hormatly Prezidentimiziň ýokary bahasyna mynasyp bolýar, Şa serpaýy bilen sylaglaýar.

Näçe meşhur boldugyňça, uly jogapkärçilik duýýarsyň. Öňüňde halkyň ynamyna, halypa adyna mynasyp bolmak jogapkärçiligi durýar. Meşhur bolmak, elbetde, gowy. Baran ýeriňde tanaýarlar, hormat goýýarlar. Käbir adamlar bolýar, öz ýadyňdan çykyp gitse-de, saňa duşan pursatlaryny ýadynda saklap gezýärler. “Miweli agajyň başy aşak” diýlişi ýaly, adamkärçiligiňi, pespälligiňi saklamaly. Adamlaryň sen hakynda hemişe gowy pikirde bolmagyny, sen hakyndaky ýakymly ýatlamalaryny ýakynlary bilen paýlaşmagyny gazanmak esasy zat.

Sungatda-da, durmuş ýolunda-da halypamyz, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewden nusga almaga zat köp. Sebäbi Atageldi halypa uly bilen uly ýaly, çaga bilen çaga ýaly gürleşýär. Hiç wagt men-menlige ýüz urmaýar. Atageldi halypada türkmençilige mahsus ajaýyp häsiýetleriň ählisi jemlenen.

Sahy aga aýdypdyr-a: “Bagşy bolma, ilki ýagşy bol!” diýip. Nähili derejä ýeteniňde-de belent adamkärçiligi, ajaýyp sungaty bilen yz galdyran meşhur halypalar ýaly nusgalyk bolup, sada bolup ýaşamak, halkyň ýüreginde orun tutmak esasy zat.

Halypa şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň:

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada bolsun, ogulyňyz, gyzyňyz…

diýip, belleýşi ýaly, hemişe sada boluň!

Söhbetdeşligimiziň başynda-da belläp geçişimiz ýaly, ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz milli äheňi bilen tapawutlanýar. Olardan “Ýelpeselendi”, “Ýagma bulut!”, “Gyzlar geleýdi”, “Ýarymdan Bibi”… başga-da kän aýdymlaryňyz diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, meşhurlyk gazandy. Ol aýdymlarda dutaryň owazy öňe saýlanýar.

— Hawa, aýdymlarymyň köpüsinde dutaryň owazyny esasy orunda goýýaryn. “Ýelpeselendi” aýdymy “Nar agajynyň” bir görnüşi. “Nar agajy” köp halklarda bar. Hersinde özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ýöne şol heňleriň köküni yzarlap görseň, türkmen halkyna gelip direýär.

“Ýelpeselendini” 2009-njy ýylda Özbegistanda geçirilen Medeniýet günlerine gatnaşanymda ýerine ýetirdim.  Şonda “Serpaý” tans topary bu aýdyma goýan tanslaryny ýerine ýetirdiler. Aýdymyň dabara gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrandygyny, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalarynda hem göz ýetirdik. Adyny agzan aýdymlaryňyzyň köpüsini, şeýle-de “Gözel sen”, “Gelsin-gelsin”, “Dört örüm saçly” ýaly birnäçe ajaýyp aýdymlary ilkinji bolup ýerine ýetiren Abdyleziz Ymamowyň äheňinde ýerine ýetirdim. Bellemeli zat, Abdyleziz halypa aýdymlarynyň köpüsi Magtymguly Pyragynyň goşgularyna, galyberse-de halk döredijiligimiziň eserlerine özboluşly äheňde döredipdir.

Nesip bolsa, menem geljekde  nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine hem-de halk döredijiligi esasynda döredilen halk aýdymlarynyň estrada geçirilmediklerini işlemek maksadym bar.

Häzirki wagtda döwrebap äheňdäki aýdymlary döwürdeş şahyrlarymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, kompozitorlar Omar Igamow, Begenç Saparlyýew, Begenç Hojaýew bilen işleýärin.

— Saz ýazmak meýliňiz barmy?

Kompozitor bolmak ol sungatyň aýratyn bir şahasy. Onda diňe ses däl-de, esasy, sazlar bilen köp meşgullanmaly. Kompozitorlaryň owaz gözleýşi başgaça bolýar, olar aýdymçynyň sesine görä heň tapmagy başarmaly.

Sungat ýolunda birnäçe kompozitorlar bilen duşuşyp, olaryň pikirlerini diňläp gördüm.  Kompozitor diýlende, Rejep Rejepowyň beren gürrüňi ýadyma düşýär.

Ol Moskwada okan döwründe diplom işini ýazmaga başlajak bolup, nähili heň tapjagyny pikirlenip otyrka, zaldan bir gyz ýöräp geçýär. Ümsümlik bolansoň diňe gyzyň aýak sesi — tark-turk, tark-turky… eşidilipdir. Pikire çümüp oturan kompozitora bu ses uçgun berip, şol depginde saz çalmaga başlapdyr. Şeýdibem, aýak sesiň heňini berýän ritmden başlanýan ajaýyp “Türkmen tansy” atly meşhur sazy döredipdir.

Käwagt ýolda-yzda barýarkaň bir heň ýadyňa düşýär. Şony el telefonyň ýadyna belläp goýup, studiýa gelip, çalyp görýärsiň welin, aýdym bolup gidiberýän wagtlary hem bolýar.

Nesip bolsa geljekde, halypa kompozitorlarymyzyň miras galdyran gymmatly eserlerini täzeçe öwüşginde halka ýetirmek baş maksadym. Kompozitor Daňatar Hydyrow bilen bilelikde döreden köp aýdymlarym bar. Geljekde-de halypanyň özi bilen, ogly Mergen bilen täze aýdymlary işleşmek maksadym bar.

— Repertuaryňyzdaky aýdymlarda halypalaryňky hem bardyr.

— Türkmen aýdym-saz sungatynda aýratyn yz goýan ussat halypalar sanardan

kän. “Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz” diýlişi ýaly, halypalaryň aýdymlaryny diňläp, öz heňimiz bilen ýerine ýetirenimizde gaty köp zatlary öwrenýäris. Halypa aýdymçylar sungatymyzda goýan özboluşly ýollary bilen aýdym-sazymyzyň milliligini ýokary derejelere galdyran ussatlar. Repertuarymdaky aýdymlarda meşhur halypalar Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Mäne Garaýewiň, Rejep Ulugowyň, Gurban Gummanowyň, Annaberdi Atdanowyň, Täçmuhammet Myradowyň, Şirmyrat Gurbanowyň aýdymlary bar. Olaryň eserleri kämil bolansoň, dilden-dile geçip, ömürlik ýaşaýar. Ýöne repertuarymyň esasy bölegini halypam Bally Hajyýewiň aýdymlary eýeleýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde halypalaryň gymmatly mirasyny öwrenmäge, ony geljek nesillere ýetirmäge giň ýol açyldy. Bize diňe öwrenmek, täze eserleriň gözleginde bolup, işlemek, döretmek galýar.

Döredijilik üstünlikleriňizi ýatlap geçäýseňiz!

— 1998-nji ýylda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Bu aýdym-saz sungatyndaky bagtly pursatlarymyň başlangyjy boldy. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 2008-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlara mynasyp bolmak miýesser etdi. 2007-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2011-nji ýylda “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna”, 2016-njy ýylda “Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medallarynyň eýesi boldum. 2014-nji ýylda “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi bolmak nesip etdi. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldum.

Bulardan başga-da, daşary ýurtlaryň birnäçesine döredijilik saparlaryna gitmek miýesser etdi. Hindistan, Türkiýe, Russiýa, Eýran, Germaniýa, Awstriýa, Fransiýa, Italiýa, Gresiýa, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Arabystan, Katar Hytaý, Tailand döwletlerinde geçirilen medeniýet günlerine, dabaraly çärelere gatnaşmak bagty miýesser etdi. 2018-nji ýylda Özbegistanda geçirilen “Mukam” bäsleşigine gatnaşyp, 72 döwletiň içinde halk aýdym aýtmak boýunça 3-nji orna mynasyp boldum. Bu bäsleşikde gadymy saz gurallarynda ýarym sagat ses ukybyň görkezilýär. Çagalykdan agyr halk aýdymlaryny aýdyp gelemsoň, bäsleşikde çykyş etmek maňa kyn düşmedi. Sebäbi halk aýdymlaryny aýdanymda hezil edýärin. Halk aýdymyny ussatlyk bilen aýdyp başaranyňda sportda ýokary derejede türgenleşik geçeniňden soňra özüňi gowy duýşuň ýaly duýgyny başyňdan geçirýärsiň. Süňňüň ýeňläp gidýär.

 — Iň täze işlän aýdymyňyz?

Geçen ýyl “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyny wasp edip, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine aýdym döreden bolsam, bu ýylymyza bagyşlap, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine Omar Igamowyň sazyna “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly täze aýdym işledik.  Aýdyma Döwlet hory hem gatnaşýar. Nesip bolsa, “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekilli görnüşe geçiriler.

 — Aýdymlaryňyzyň arasynda özüňize has ýakyny hem-de meşhurlyk getireni?

 — “Gumly gelin” aýdymymy gowy görýärin. “Men seni söýýärin” atly aýdymym hem ýerine düşüp, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy. Bu aýdymyň goşgusy Akmyrat Hojanyýazowyňky, sazy Rejep Rejepowyňky. “Türkmen owazynda” şekilli görnüşi hem halkymyza ýetirildi. Galyberse-de, diňleýjiler-de, özüm-de  “Yşk ody” atly aýdymy ýüregime ýakyn görýärin. Bu aýdymyň sözi-de, sazy-da Bally Hajynyňky. Bally halypa aýdymlarynyň goşgusyny özi hem ýazýan eken. Kakamyň hem käte goşgy ýazmasy bardy. Menem ýüregim joşan wagty, göwnüme gelen setirleri goşgy geçirýärin. Olardan aýdym edenlerim hem bar.

Bir gezek Marydan gaýdyşyn Garahan obasynyň deňinden geçip gelýärkäm, oglum Şükür: “Kaka, şu mahal ýolda görýän zatlaryňa seredip goşgy düzüp bilermiň?”diýdi. Menem düzýän diýdim. Bir tarapyňda Garahan oba, beýleki gapdalyňda dag, demir ýol bilen aralykda şaglap duran gara ýol. Şulary goşgy setirlerinde beýan edip berdim:

Bizede okap beräýseňiz!

— Baş üstüne.

Jaýlar daga bakyp dur,

Dag jaýlara bakyp dur.

Goja dagyň goýnundan,

Oba çeşme akyp dur.

 

Dag obanyň arasy,

Uzyn gara ýolum bar,

Gara ýoluň goýnunda,

Şäher bize garaşýar.

 

Gara ýol hem demir ýol,

Bir birine bäsleşýär.

Kanalda ördek gazlar,

Şowhuna sesin goşýar.

 

Uzak ýoluň çäginde,

Gelip güller ekeliň!

Gül durmuşyň bezegi,

Dünýä gülüp bakalyň!.

 

Bizden ýadygär galjak,

Halallyk we päklikdir.

Zähmet gaýrat üstünlik,

Hemde kalby aklykdyr.

— Haýsy şahyryň goşgularyny halaýarsyňyz?

— Magtymguly Pyragynyň goşgularyny galyberse-de, Gurbannazar Ezizowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Kerim Gurbannepesowyň goşgularyny gowy görýärin. Aýratynam, şahyrlaryň ses ýazgylaryny diňleýärin.

 — Özüňizde halamaýan häsiýetiňiz barmy?

— Gönümelligim. Şo taýda şeý diýmek nämä gerek boldy — diýip, soň özüme käýinýänem.

 — Ýaşlardan siziň äheňizde aýdymlaryňyzy ýerine ýetirýän barmy?

— Agyr atletika boýunça türgen Altymyrat Orazdurdyýewiň jigisi Akmyrat

aýdymlaryma ýykgyn edýär.

 — Maşgalaňyz, olaryň sungata söýgüsi dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

Agzybir maşgalamda bir gyzym, üç oglum bar. Uly gyzym Nowça Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap, “Nusaý” goraghanasynda tejribelik geçýär. Ondan kiçi oglum Sanjar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby. Ortanjy oglum Derkar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby. Körpe oglum Şükür Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy. Ol akkardeon saz guralyny çalýar, gitarada liriki äheňde aýdym hem aýdýar. Aýdymlarynyň sany gün-günden köpelip barýar. Nesip bolsa, geljekde halkyň söýgüsini gazanjak sungat adamsy bolup ýetişer diýen tamam bar. Halyl atly agtygym bar. Giýewim Mukam Muhamow ýurdumyzda ýaş şahyr hökmünde tanalýar.

Geljekki maksatlaryňyz!

— Nesip bolsa, geljekde-de halypalaryň aýdymlaryny täzeçe öwüşginde işläp, şeýle-de täze sazlary döredip, bagtyýarlyk döwrümizi, mukaddes Watanymyzy, päk söýgini wasp edýän halkyň göwnünden turjak ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirmek maksadym bar.

Milli aýdym-saz sungatymyzyň nusgalyk owazlaryny dünýäde belentden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Biz — sungat ussatlary täze aýdymlarymyz bilen milli medeniýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşarys.

Suhan aga, söhbetdeşlik teklibimizi kabul edip, saýtymyza myhmançylyga gelendigiňiz üçin köp sag bolsun aýdýarys. Geljekde-de, nusgawy aýdymlaryňyz toýlarymyzyň bezegi bolup, ajaýyp owazyňyz belentden ýaňlansyn!

— Sag boluň! Size-de işiňizde üstünlikler hemra bolsun!

 

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

 

Doglan wagty we ýeri: 1973-nji ýylyň 12-nji ýanwary, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge geňeşligi

Okan mekdebi: Sakarçäge etrabynyň 5-nji orta mekdebi

Ilkinji halypasy: Türkmenistanyň at gazanan artisti Täçmuhammet Hajyýew (Bally Hajy)

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy: “Akja kepderi”

Ilkinji şekilli aýdymy: “Gumly gelin”

Ilkinji aýdym-saz albomy: 1991-nji ýylda çykarýar

Iň täze aýdymy: “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”

Gowy görýän pasly: ýaz

Meşgullanýan sport görnüşi: ýeňil atletika

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Begler Nurberdiýew: Diňe öňe Ynam bilen

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Täşli Tülegenow: “Ömrüm aýdyma berlen”

 

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

 

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

 

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Okap bilersiňiz  Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda