SIZDEN GELENLER

Sportlarbaşy

Mekdepde okaýan döwrümiz ýaşynyň altmyşdan geçendigine garamazdan gollary berdaşly, göwresiniň gujur-gaýraty egsilmedik, özem tutuş sapagy birjik-de dyzyny epmän aýak üstünde geçirýän bedenterbiýe mugallymymyz bir gürrüňinde: «Ýeňil atletika ähli sportuň şasydyr!» diýipdi. Bizem näme, futboldan başga sport bardyr, futbolda-da Messi bilen Ronaldodan başga oýunçy bardyr öýtmeýän 10-12 ýaşly okuwçylar bolandygymyz üçin «A futbol näme?» diýenimizi duýman galdyk. Mugallymyň «Äý, siziň futbolyňyzyň döränine ýaňy iki ýüz ýyl boldy, ýeňil atletika bolsa tas adamzadyň özi bilen ýaşytdaş» diýip başlaýan düşündirişine şol wagt ähmiýet hem bermändik. Emma wagtyň geçmegi bilen mugallymymyzyň aýdanlarynyň dogrudygyny tassyklaýan maglumatlara kän gabat geldik.

Baryp, biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýylda Gresiýada geçirilen ilkinji Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenler sportuň göreş, boks ýaly iki ýeke görnüşleri bolaýmasa, esasan ylgamak, uzak aralyga bökmek, naýza zyňmak, disk zyňmak, daş iteklemek ýaly ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça bäsleşendikleri ünsümi çekdi. Mugallymymyň ýokardaky jümlesini ýeňil atletikanyň gadymylygy bilen baglanyşdyrdym. Emma beýle-de däl eken. Ýeňil atletikanyň sportuň şasydygyny tassyklaýan başga-da birnäçe zat bar eken.

Ýakynda ýeňil atletika boýunça hünärmenleriň biri bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Men ondan «şaly» gürrüňiň çynmydygyny soradym. Asyl ol şeýle gürrüňe garaşyp duran ýaly «Dagy näme!» diýdi. Onuň sesi şeýle bir çasly çykdy. «Diňe eýesinden birugsat çykan ses şeýle çasly bolup biler» diýip pikir etdim.

«Ýeňil atletika esasan üç zatdan durýar. Güýç, tizlik, strategiýa» diýip, özüne geň galyp özüne seredýänimi aňan gürrüňdeşim söze başlady. «Şu üç zat şonuň üç sany sütüni. Indi sen aýt, şu üç zat sportuň haýsy görnüşinde ýok?» Men başymy ýaýkadym. Çünki onuň «üç sütün» diýýäni tutuş sportuň üç sütüni ahyry. «Ana görýäňmi? Ýeňil atletika sportuň özi diýseňem gaty bir öte geçdigiň bolmaz» diýip, ol ýylgyrdy. Soňra-da, çynlakaý keşbe girdi-de, «Sportuň islendik görnüşinde ýerine ýetirilýän islendik maşky alyp göräý, hemmesem ýeňil atletikada bardyr. Şonuň üçinem, ene-atalar çagalaryny ilki ýeňil atletika berenlerini kem görenoklar. Sebäbi hem-ä bu sport bilen meşgullanýan wagty, esasanam ylganda adamyň beden agzalarynyň ählisi hereketde bolýar. Hem ýeňil atletikadan sportuň beýleki görnüşlerine geçmegem ýeňil düşýär» diýdi.

«Häzirki wagtda Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletikanyň elli sany görnüşi boýunça ýaryşlar guralýar. Eger islendik ýurt sportuň beýleki görnüşlerine üns bermän, diňe ýeňil atletikany ösdürip, Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika degişli ähli baýraklary eýelese, jemi 150 medal gazanýar. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda bolsa, häzire çenli 150 medal gazanan ýurt ýok» diýip, sözüne az salym dyngy beren gürrüňdeşim sözüni dowam etdi. «Öňki Germaniýa Demokratik Respublikasy şeýle edipdi. Güýçliden güýçli atletleri taýýarlady. Netijede, medal sany boýunça her Olimpiýa oýunlarynda Amerika, SSSR ýaly güýçli döwletler bilen bäsleşýärdi» diýdi-de, «Indi düşündiňmi näme üçindigine?» diýýän äheňde ýüzüme ýylgyryp seretdi. Men başymy atdym.

Hünärmeniň bu aýdanlary hakda esli wagtlap oýlanyp gezdim. Emma bu aýdylanlaryň entek hemmesi däldigi, «sportlarbaşy» hakda ýene-de gyzykly zatlaryň kändigi hakda pikir edip, halypa bilen indiki duşuşygymyza sabyrsyzlyk bilen garaşdym.

Aşyr SAPAR,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika