TEHNOLOGIÝA

«Space X» bütin dünýä simsiz Internet wada berýär

Älem gämilerini we emeli hemralary älem giňişligine uçurmak, olara gözegçilik etmek bilen meşgullanýan «Space Х» kompaniýasy şu tomsuň ahyryna çenli bütin dünýä simsiz Internet ulgamyny wada berýär.

Has takygy, dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, kompaniýa üstümizdäki tomus tamamlança, älem giňişliginde 12 müň sany emeli hemra uçurmagy meýilleşdirýär. Olaryň ählisi jemlenip, tutuş dünýäniň simsiz Internet bilen üpjün edilmegine hyzmat eder.

«Starlink» diýlip atlandyrylýan bu emeli hemra taslamasynyň umumy bahasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 10 milliard dollaryna ýetýär.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/taze-smartfon-markasy-nzone/

Related posts

“MakLaren” täze ulagyny tanyşdyrdy

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

NASA-nyň kosmos gämisi Marsa gondy we ilkinji suratyny iberdi

Ata Watan Eserleri