Soganyň köp görnüşleri bar, emma olaryň arasynda has giňden ýaýran görnüşleri bar: düýp sogan, şalot sogan, batun sogan, şnitt sogan, poreý sogan, altaý sogany we ş.m. Biziň ýurdumyzda esasan düýp sogan iki möhletde ösdürilip ýetişdirilýär. Düýp sogan ajy, ajymtyk we ajy däl sortlara bölünýärler. Biziň şertlerimizde düýp sogan ikiýyllyk ekin hasaplanýar. Sogan birinji ýyl düýp berip, ikinji ýyl gülläp tohum berýär. Ýewropa ýurtlarynda tohum sepilip ekilende, birinji ýyl maýdaja soganjyklar (luk-sewok) alynýar. Ikinji ýylda sewok sogandan bir ýa-da birnäçe soganlar ösýär, soňra harytlyk düýp sogana öwrülýär. Üçünji ýyl düýp sogany oturdylyp-ösüp gülländen soň tohumy sentýabr aýy ýygnalýar. Mellek sogany – Allium cepa. Soganlykly ikiýyllyk otjumak ösümlik bolup, boýy 30-80 sm ýetýär. Ýeke baldakly, silindr şekilli, inçe ýaprakly, gül çogdamy bilen gutarýar. Olaryň ýapraklary uzyn, inçe turba görnüşli, ýaprak sapaksyz bolýar. Kiçijik güljagazlary tertipli ýerleşip, saýawan şekilli gül topbagyny emele getirýärler. Gül topbagy ýapraksyz baldagyň ýokarsynda ýerleşýär. Gülleri dogry, 6 çlenli. Gül täç ýaprakly, açyk-gülgüne reňkli, ownuk şar şekilli. Miwesi gury, üçgranly. Iýun, iýul aýlary gülleýär. Tohumy we soganlyklary arkaly köpelýär. Derman senagatynda giňden peýdalanylýar. Düýp sogan uly bolmadyk düýpden ybaratdyr. Olar daşky şekili boýunça turpy ýatladýan ýapyşyk galňap, etli gabyklary emele getirýän, görnüşini özgerden gysga baldaklardyr. Soganyň etli gabyklary ýokumly, ýognan görnüşinde üýtgäp has galyňlaşan ýapraklardyr. Düýp soganyň daşy gury gabyklar bilen örtülendir. Soganyň aşaky düýp tarapy adatça guraýar. Düýp soganyň üstünde bir ýa-da birnäçe ösüntgiler ösýärler. Şu hilli ösüş nokadyndan soganyň ýaşy we gülleri ösýärler. Soganyň köki topbakdyr, şeýle hem kök tüýjükleri bardyr. Soganyň ýapraklarynyň arasynda gowy (ýukajyk gabyjak) bardyr. Sogan sowuga çydamly ösümlikdir. Sogan +3+5 0 C howada gögerip başlaýar. Ýaşajyk öserleri -2-3 0 C sowuk howa çydap bilýärler. Yzgar ýeterliksiz bolanda sogan gowy düýplemeýär, şeýle hem soganyň hasyllylygy peselýär. Ekilýän sarymsak – Allium sativum. Ikiýyllyk otjumak ösümlik bolup, boýy 50 sm ýetýär. Baldagy dik durýan, dykyz. Ýapragy inçe, tekiz. Soganlygy çylşyrymly, dişjagazly. Gül täç ýaprakly ak reňkli, ownuk şar şekilli saýawan gül çogdamyny emele getirýär. Miwesi gury, üçgranly. Iýun, iýul aýlary gülleýär. Tohumy we dişleri arkaly köpelýär. Derman senagatynda giňden peýdalanylýar. Onuň düzüminde 35-42 % gury maddalar, 6,0-7,9 % beloklar, 7,0-28 mg% C witamini, 0-5% gant, 20-27 % polisaharidler saklanyar. Sarymsagyň özboluşly ysy we tagamy özünde 0,23-0,74% efir ýagyny saklaýandygy bilen düşündirilýär. Sarymsak düýbi aýry-aýry böleklerden, dişlerden ybaratdyr. Sarymsak gurakçylyga çydamlydyr. Sarymsak dişleri bilen köpeldilýär. Soganyň agrotehniki idegi. Biziň Türkmenistan döwletimiziň gök ekinleriniň arasynda sogan has ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar we her gektardan ortaça 64 sentner hasyl berýär. Düýp sogany almak üçin ir bahar (fewral, mart) we güýz (sentýabr, noýabr) ekmeklik maslahat berilýär. Ondan başgada gök soganyň hasyly baharda, güýzde we gyşyň öň ýanynda (aprel-noýabr aýlary) ýygylýar. Guradylan düýp sogan 16-18% çyglylygy bilen kagyz haltajyklara salnyp, gyş aýlary bazarda satylýar. Adama ýokumlylygy we kesel bejerijiligi boýunça ähli gök ekinleriniň arasynda sogan ikinji ýerde durýar. Sogan gan-damar, sowuklama kesellerini bejermekde we içege mugthorlaryny aýyrmakda ulanylýar.
MÄMMEDOWA ENEGÜL,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy
Milli Liderimiz gazak kärdeşini doglan güni bilen gutlady